Habarlar

Ylym — mynasyp durmuşyň kepili

13.06.2022

 12-nji iýunda ýurdumyzda giňden bellenip geçilen Ylymlar güni mynasybetli «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde  «Ylym — mynasyp durmuşyň kepili» ady bilen dabaraly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda çykyş  edenler ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda gürrüň etdiler. Ajaýyp döwrümizde ylym-bilim işgärleriniň işlemegi, zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilendigini buýsançly bellediler. Özleri barada uly alada edýän hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar. Soňra talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazly çykyşlara uly orun berildi. 

Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň işgärlerine, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň göreldeli mugallymlarynadyr talyplaryna diplomlar hem-de sowgatlar gowşuryldy.