Habarlar

Şanly senä bagyşlanan dabaraly maslahat

18.03.2026

Balkanabat şäherinde ýerleşýän welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň guramagynda «Ynsanperwerlik ýoly» atly dabaraly maslahat geçirildi. Guramanyň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabara il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri, talyp ýaşlar we meýletinçiler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ýurdumyzyň baýry ynsanperwer jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, ol täze taryhy eýýamda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelere işjeň gatnaşýar. 1926-njy ýylda döredilen bu gurama öz işini ýurdumyzyň çäginde welaýat, şäher we etrap şahamçalarynyň üsti bilen amala aşyrýar. Gurama döredilen  gününden bäri raýatlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ilatyň saglygyny goramak, ejir çekenlere kömek bermek, ýaş nesli türkmen halkynyň rehimlilik, duýgudaşlyk ýaly iň gowy däpleriniň ruhunda terbiýelemek bilen bagly ugurlarda uly işleri geçirýär. Dabaraly maslahatda çykyş edenler şular dogrusynda bellemek bilen, ilatymyzyň saglygy,  ýaşaýyş-durmuşy hakynda alada edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

         Soňra bu ýere ýygnananlar welaýat kitaphanasynyň girelge zalynda  ýaýbaňlandyrylan sergä syn etdiler. Haly we haly önümleriniň, amaly-haşam sungatynyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplarynyň, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserleriniň sergileri dabaraly maslahata gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Welaýat çagalar sungat mekdebiniň «Balkan» skripkaçylar we fleýtaçylar toparlarynyň çalan ajaýyp sazlary-da täsirli boldy.