Nowruz geldi ilime

Welaýatymyzyň çar künjeginde Milli
bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli şatlyk-şowhunly dabaralar
biri-birine ulaşdy. Magtymguly etrabynyň «Akderek» ýaýlasynda geçirilen
dabaraly çäre hem şolaryň biri boldy.
Ýaşyl begrese beslenen ýaýladaky
dabara baýramçylyk ýörişi bilen badalga aldy. Il sylagly ýaşulular, kümüş saçly
eneler, gül görkli gelin-gyzlar, bagtyýar ýaşlar, körpeler baýramçylyk dabarasynyň
geçirilýän ýerine aýdym-sazyň belent owazynyň astynda geldiler. Ýörişe elleri
Nowruzyň esasy tagamy bolan semenili zenanlaryň aýratyn görk berendigini
bellemek gerek. Hatar gurap oturan ak öýleriň öňünde guralan zergärçilik,
amaly-haşam sungatynyň önümleriniň, gelin-gyzlarymyzyň el işleriniň sergisini ýörişe
gatnaşyjylar uly höwes bilen synladylar.
Soňra bu ýerde
sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandy. Folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlarynda
halkymyzyň Nowruz baýramy bilen baglanyşykly hem-de toý däp-dessurlary,
yrym-ynançlary öz beýanyny tapdy. Bagşy-sazandalaryň, estrada aýdymçylarynyň
ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, gazallarynda, tans toparlarynyň döwrebap
tanslarynda ajaýyp zamanamyz we onuň ösüşleri, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň
dünýä nusgalyk işleriniň, Nowruzyň, bahar paslynyň waspy belentden ýetirildi.
Baýramçylyk çäresi soňra «Ok atan» jülgesinde dowam edip, bu ýerde hem şatlyk-şowhun al-asmana göterildi. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň durmuşyndan görkezen sahna oýunlary, folklor toparlarynyň milli däp-dessurlarymyzdan gözbaş alýan çykyşlary, belentden ýaňlanan aýdym-sazlar, joşgunly tanslar çärä gatnaşanlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Dabaralaryň dowamynda ýurdumyzy toý-baýramlaryň mekanyna öwren Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyş sözleri öwran-öwran aýdyldy.