Habarlar

Dostluk dabarasy

28.02.2025

Welaýat döwlet drama teatrynda ýaýbaňlandyrylan dabara dost-doganlygy pugtalandyrýan täsirli pursatlary bilen tapawutlandy. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň meýilnamasyna laýyklykda guralan bu aýdym-sazly dabaraly çäre türkmen we gazak halklarynyň medeni mirasyny, sungatyny, däp-dessurlaryny wagyz etmek ýaly asylly maksada gönükdirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýokary ruhubelentligine beslenen dabaraly çärä balkanly medeniýet we sungat işgärleri, milli mirasy öwrenijiler, amaly-haşam sungatynyň, sebitde ýaşaýan gazak halkynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler uly höwes, ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Dabarada giň gerim berlen çykyşlarda nygtalyşy ýaly, berkarar ýurdumyz dünýä döwletleri we halklary bilen hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Türkmen we gazak halklaryny bolsa asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy we medeni-ruhy umumylyklar baglanyşdyrýar. Şeýle gatnaşyklar hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan wezipe-borçlara berk eýerýän ata Watanymyzyň goňşy döwlet bilen köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň çäklerinde has işjeň häsiýete eýe bolýar. Bu günki dabara bolsa iki halkyň köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklaryny, milli öwüşginlere baý bolan medeni-ruhy hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde wajyp ähmiýetlidir. Dabarada dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Dostluk dabarasynyň geçýän ýerinde iki dostlukly halkyň ruhy-medeni, taryhy mirasyna degişli muzeý gymmatlyklarynyň, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, haly önümleriniň, el işleriniň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Sergi türkmen we gazak halklarynyň özboluşly medeni-taryhy gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.

 Teatryň ajaýyp sahnasynda gazak halkynyň meşhur «Alpamyş» eposy esasynda goýlan oýundan parçalaryň görkezilmegi aýratyn täsirli boldy. Tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalary bilen garşylanan sahna oýny goňşy halkyň gahrymançylykly taryhyna içgin aralaşmaga, bu eposyň milli mirasymyzda tutýan ornuna anyk göz ýetirmäge ýardam etdi.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň doganlyk halklaryň joşgunly aýdym-sazlaryndan guran çykyşlary dostluk dabarasynyň täsirli pursatlarynyň hataryny artdyrdy.