Habarlar

Welaýatymyzda galla oragyna guramaçylykly girişildi

14.06.2024

Welaýatymyzda galla oragyna badalga bermek dabarasy welaýat häkimliginde geçirilen geňeş-maslahat bilen başlandy. Welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, oba hojalygyna dahylly edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň we jogapkär işgärleriniň, daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň, tejribeli kärendeçileriň, şeýle-de il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilen geňeş-maslahatda yhlas siňdirilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ony ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklary wagtynda geçirmek bilen baglanyşykly täsirli çykyşlar diňlenildi.

Soňra galla oragynyň başlanmagy mynasybetli dabaralar «Batly Gadam» hususy kärhanasynyň Gyzylarbat etrabyndaky bereketli galla meýdanynda dowam etdi. Bu ýerde egsilmez ruhubelentlik, şatlyk-şagalaň höküm sürdi. Oba hojalyk ulgamynyň üstünliklerini we ýeten derejesini beýan edýän giň göwrümli sergi aýratyn ünsi çekiji boldy. Çörek we çörek önümleri, bugdaý tohumlarynyň görnüşleri sergä baý öwüşgin çaýdy. Gök-bakja önümleri, dürli miwedir ir-iýmişler serginiň bezegine öwrüldi. Oba hojalygyna degişli şygarlar toý meýdançasyna bezeg goşup, ajaýyp zähmet joşgunyny döretdi. Welaýatymyzyň medeniýet müdirligi tarapyndan guralan joşgunly aýdym-saz, halk döredijilik çykyşlary  giň gerime eýe boldy. Olarda  janypkeş daýhanlarymyzyň çekýän päk we halal zähmetiniň waspy ýetirildi. Aýdym-sazly çykyşlardan göwni galkynan dabara gatnaşyjylar giň gözýetime uzap gidýän altyn başly ak bugdaýly meýdanyň bir çetine ýygnandylar. Bu ýerde  hormatly Prezidentimiziň  sargydyna eýerilip, asylly däbe görä, sylag-sarpaly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen galla oragyna ak pata berildi. Bu pursat şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Şondan soňra kuwwatly däne orujy kombaýnlar hatar gurap, ak bugdaýly meýdanlara girdiler. Şeýlelikde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 80 müň tonna guşgursak dänäni taýýarlamagy belent maksat tutunan welaýatymyzyň ak ekin ussatlary galla oragyna köpçülikleýin girişdiler.

Welaýatymyzda şu ýyl 50 müň gektar meýdanda  azyklyk  ak bugdaýyň bitginli hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Galla oragynda «John Deere» we «CLAAS» kysymly däne orujy kombaýnlaryň 100-den gowragynyň bökdençsiz we öndürijilikli işlemekleri üçin düzüminde abatlaýjylar, sazlaýjylar, kebşirleýjiler bolan ýörite tehniki hyzmat ediş toparlarynyň 16-sy döredildi. Ýygnalan hasyly daşamakda edara-kärhanalara degişli awtoulaglaryň 510-sy daýhanlaryň hyzmatynda bolar. Galla kabul ediş kärhanalary hem-de Serdar etrabyndaky her  biri 50 müň  we  30 müň  tonna  däne  saklamaga  niýetlenen elewatorlar, dänäniň hilini kesgitlejek ýörite barlamhanalar, hasyl saklanyljak ammarlar irgözinden möwsüme taýýarlanyp goýuldy.

Dabara gatnaşyjylar gallaly meýdanda däne hasylynyň ilkinji tonnalarynyň awtoulaglara guýluşyna buýsanç bilen syn etdiler. Däne daşaýjy awtoulaglar kerwen gurap «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasyndaky degirmenler toplumyna tarap ýola düşdi. Üsti ak bugdaýly, dürli şygarlar bilen bezelen awtoulag kerweni toplumda uly şatlyk we şowhun bilen garşy alyndy. Ol ýere ýygnananlar täze däne hasylynyň agramynyň gapanda çekilişini we elewatora tabşyrylyşyny uly guwanç-buýsanç duýgusy bilen synladylar. Şol günki wakanyň şanyna giň gerim alan aýdym-sazly dabaralar zähmet baýramçylygynyň şowhunyny belende göterdi.  

Bugdaýy orlan meýdanlaryň samanyny dessine ýygnamaga girişen welaýatymyzyň gallaçylary özleri baradaky irginsiz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza,  Arkadagly Gahryman  Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar.