Habarlar

Zerim bar — zergärim bar

07.06.2024

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Halkymyzyň milli mirasynyň, senetçilik sungatynyň görnükli nusgalarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli alnyp barylýan işleri wagyz etmeklige, zergärçilik sungatymyzy dünýä ýaýmaklyga goşant goşýan zergärleriň başarnyklaryny ýüze çykarmagy maksat edinen bäsleşige gatnaşanlar onuň şertlerine laýyklykda, saýlap alan zergärçilik hünäriniň ähmiýetini, milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpany çeper beýan etdiler. Taýynlan çyzgylary esasynda gülýaka, gupba, ýüzük... ýasamak arkaly ussatlyklaryny görkezdiler. Ýasan şaý-sepleri esasynda sergi guradylar. Zergärçilik sungatyny ösdürmeklige ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Netijede, Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaş mugallymy Rahmanberdi Hojaýew we Gyzylarbat etrabynyň Goç obasynyň ýaşaýjysy Azatgül Atagulyýewa ýeňijiler diýlip yglan edildiler we olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.