Habarlar

Uçurymlara ak ýol arzuw edildi

25.05.2024

Welaýatymyzda 2023 2024-nji okuw  ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda geçirilen «Soňky jaň» dabaralary giň gerime eýe boldy. Baýramçylyk çäreleri welaýat merkezindäki Baş baýdak meýdançasyndan badalga aldy. Bu ýerde uçurymlar Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen, Döwlet baýdagymyza ter gül çemenlerini goýup, mukaddes ýaşyl Tugumyza tagzym etdiler. Gül goýmak dabarasy baýramçylyk ýörişine utgaşdy. Oňa uçurymlar bilen birlikde, ýaşuly  nesliň wekilleri, bagtyýar çagalar, medeniýet we sungat işgärleri hem gatnaşdylar.

Soňra «Soňky jaň» dabaralary orta mekdepleriň öňündäki baýramçylyk keşbine beslenen meýdançalarda dowam etdi. Welaýat, şäher häkimlikleriniň, welaýat Baş bilim, medeniýet müdirlikleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen çäreler tolgundyryjy pursatlara baý boldy. Orta mekdeplerde ir säher bilen Döwlet senamyz belentden  ýaňlandy. Dabara gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Çykyş edenler uçurymlara ak ýol arzuw etdiler,  ýygnananlary paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni bilen tüýs ýürekden gutladylar. Bilim  ulgamyny kämilleşdirmekde gazanylýan üstünlikleriň gözbaşynda durýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza  alkyş sözlerini aýtdylar.

Göreldeli uçurymlaryň bilim ojagynyň bosagasyndan ilkinji gezek ätlejek  körpelere bilimler dünýäsiniň  «altyn açaryny» gowşurmagy tolgundyryjy pursatlara baý boldy. Ýürekleri buýsançdan, kalplary şatlykdan doly bagtyýar uçurymlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursady — 2023 2024-nji okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanýandygyny alamatlandyrýan «Soňky jaň» sesiniň ýaňlanmagy bilen, kepderileriň, dürli reňkli şarlaryň al-asmana uçurylmagy dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Ak mekdebiň depesinde erkana ganat kakyp ýören kepderiler uçurym ýaşlaryň buýsançly göwünlerini alamatlandyryp, asuda asmanymyza bezeg berdi. Mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda ajaýyp döwrümiz, bagtly çagalyk, paýtagtymyz Aşgabadyň gözellikleri wasp edildi.

Welaýat kitaphanasyna, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, Magtymguly etrabynyň Magtymguly Pyragy muzeýine guralan gezelençler bagtyýar uçurymlaryň şatlygyny has-da  artdyrdy. Kitaphananyň bölümindäki dürli ugurlara niýetlenilen kitaplar, muzeý işgärleriniň bölümlerde ýerleşdirilen taryhy gymmatlyklar baradaky täsirli söhbetleri uçurymlarda uly gyzyklanma döretdi. 

«Soňky jaň» dabarasy mynasybetli welaýat kitaphanasynyň öňünde geçirilen baýramçylyk çäresi hem ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary gyzgyn garşylandy. Bu ýerde zehinli uçurymlara ýadygärlik sowgatlar, welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«Soňky jaň» dabarasynyň çäreleri welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem ýokary guramaçylyga eýe bolup, egsilmejek şatlyk-şowhuna  beslendi.