Uzyn saçly gyzlaryň bäsleşigi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy
mynasybetli Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji
orta mekdepde welaýat Baş bilim müdirliginiň, Ylym we bilim işgärleriniň
kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda
«Uzyn saçly gyzlar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.
Orta mekdepleriň 7 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçy
gyzlaryň arasynda gyz edebiniň gözelligini ýaýmagy, türkmen gyzlaryna mahsus
bolan saçlaryny gorap saklamagy, Magtymguly Pyragynyň «Gözel sen» diýen
goşgusynda waspy ýetirilýän gözellikleri wagyz etmegi maksat edinen bäsleşik üç
şertden ybarat boldy. Onuň şertlerine laýyklykda, gyzlar öz saçlaryny çeper
sözde wasp etdiler. Saça oňat ideg edip saklamak, onuň tarlarynyň gyrylmagynyň öňüni
almak baradaky yrymlary, aýtgylary aýtdylar. Emin agzalary tarapyndan berlen
sowallara dogry jogap berdiler. Özlerine okamak, öwrenmek üçin ähli şertleri
döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden
alkyş aýtdylar.
Bäsleşigiň jemi jemlenilende, gyzlaryň ýaş
aýratynlyklaryna görä baha berildi. Netijede, Balkanabat şäherindäki 3-nji orta
mekdebiň okuwçysy Nowça Annamämmedowa, şol şäherdäki 7-nji orta mekdebiň
okuwçysy Aýjemal Mejidowa, Türkmenbaşy şäherindäki 5-nji orta mekdebiň okuwçysy
Medine Myradowa birinji orunlara mynasyp boldular. Balkanabat şäheriniň Gumdag
şäherçesindäki 32-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülzada Hajyýewa, Balkanabat
şäherindäki 22-nji orta mekdebiň okuwçysy Bibimerýem Gurbanowa ikinji, Etrek
etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň okuwçysy
Nurana Gylyçdurdyýewa, Gyzylarbat etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň okuwçysy
Oguljennet Gurbangeldiýewa hem-de şol etrapdaky 16-njy orta mekdebiň okuwçysy Täzegül
Hydyrowa üçünji orunlary eýelediler.