Ýazyň ýakymly baýramy
Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz
güni mynasybetli welaýatymyzda şatlyk-şowhunly çäreler biri-birine ulaşdy.
Şeýle dabaralaryň biri Magtymguly etrabynyň «Akderek» ýaýlasynda geçirildi. Bu
ajaýyp ýaýlany synlanyňda, tebigatyň sahawatly türkmen topragyna ajaýyp
gözelligi eçilendigine magat göz ýetirýärsiň. Daş-töwerege bezeg berýän
al-elwan güller, owlak-guzularyň, guşlaryň sesi ajaýyp sazlaşyk döredip, ýaýla
toý ruhuna beslendi.
Dabara baýramçylyk ýörişi bilen badalga
aldy. Il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, gelin-gyzlar, ruhubelent
ýaşlar, bagtyýar körpeler baýramçylygyň geçýän ýerine geldiler hem-de begrese
beslenen ýaýladaky türkmen obasyna aýlanyp gördüler. Ak öýleriň öňünde guralan
halyçylyk, keşdeçilik, zergärçilik, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň,
gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bolan beýleki el işleriniň sergisini
höwes bilen synladylar.
Baýramçylyk dabarasyna gatnaşýanlar
birek-biregi baharyň buşlukçysy bolan ajaýyp baýram bilen gutladylar. Halkymyzy
bolelin, eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly
Gahryman Serdarymyza hoşallyk hem alkyş sözlerini aýtdylar.
Halk döredijilik toparlarynyň ýerine
ýetirmeginde ýaýbaňlanan ümeçilik dessury, «ogul öýermek» däbi asylly
ýol-ýörelgelerimiziň dowamat-dowamdygynyň güwäsine öwrüldi. Folklor
toparlarynyň çykyşlarynda Milli bahar baýramy bilen bagly halkymyzyň ýagşy
umyt-arzuwlary, däp-dessurlary, yrym-ynançlary, ýaşaýyş baradaky çuňňur
paýhasly garaýyşlary öz beýanyny tapdy. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren
aýdym-sazlarynda, gazallarynda, tans toparlarynyň joşgunly tanslarynda berkarar
döwletimiziň ösüşleriniň, ajaýyp zamanamyzyň, Milli Liderimiziň we hormatly
Prezidentimiziň dünýä nusgalyk işleriniň, Nowruzyň, tebigat gözellikleriniň waspy
ýetirildi.
Soňra baýramçylyk dabarasy «Ok atan»
jülgesinde dowam edip, onuň şatlyk-şowhuny has-da artdy. Bu ýerde hem medeniýet
we sungat işgärleriniň sahna oýunlary, folklor çykyşlary, aýdym-sazlary,
tanslary biri-birine ulaşyp, çärä gatnaşýanlaryň göwünlerini galkyndyrdy.
Ýaşajyk suratkeşleriň türkmen tebigatynyň gözelliklerini, Nowruzyň
däp-dessurlaryny, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan toý çärelerini wasp edip döreden
suratlary hem baýramçylyk dabarasynyň täsirliligini artdyrdy.