Habarlar

Milli bahar baýramy Balkanabatda

22.03.2024

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirilen baýramçylyk dabarasy ýokary guramaçylyk derejesine eýe boldy. Uly ruhubelentlige beslenen dabara il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň, medeniýet, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynyň işgärleriniň, talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň we bagtyýar körpeleriň gatnaşmaklarynda baýramçylyk ýörişi bilen başlandy. Türkmeniň alty ganat ak öýleriniň hatary, nepis halylar düşelen telärler, olaryň daş-töwereginde guralan dürli mazmunly çäreler bu ýere gelenlere egsilmejek ruhy lezzet paýlady.

Amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşleriniň, zergärçilik önümleriniň, şekillendiriş işleriniň sergisini synlamak has-da ýakymly boldy. Baýramçylyk öwüşginini artdyran sergi köpleriň ünsüni özüne çekdi. Gelin-gyzlaryň semeni we beýleki tagamlary taýýarlaýan, un eläp, hamyr ýugrulyşyny, pişme, unaş kesilişini görkezýän, şeýle-de ümeçilik dessuryny ýerine ýetirýän pursatlary dabaranyň möhüm bölegine öwrüldi. Baýramçylyga gatnaşýanlara milli tagamlar hödür-kerem edildi. Ýürekleri joşgunly zenanlar baýramçylyk buýsançlaryny gazallaryň, küştdepdileriň üsti bilen beýan etdiler.

Baýramçylyk dabarasynyň geçýän ýerinde aýdym-sazyň owazy uzaklara ýaň saldy. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlary gül-gülzarlyga beslenip gelen bahar paslynyň waspyny belent joşgunda ýerine ýetirdiler. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň sahna oýunlarynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez söýgi-buýsanç aýdyň beýanyny tapdy. Bu ýere ýygnananlar welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Dutarçylar» toparynyň çykyşlaryny, milli sport ýaryşlarynyň dürli görnüşleriniň ýaýbaňlandyrylan pursadyny, ýaşlaryň hiňňildiklerde uçuşyny synlap, gadymy toý däpleriniň mynasyp derejede dowam etdirilýändigine ýene-de bir gezek aýdyň göz ýetirdiler.