Habarlar

Usuly-amaly maslahat geçirildi

01.03.2024

Türkmenbaşy şäherindäki 32-nji çagalar bakja-bagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, welaýat häkimliginiň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda «Çagalara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda öňdebaryjy iş tejribäni öwrenmek we ýaýratmak, halypaçylyk işlerini netijeli guramak boýunça alnyp barylýan usuly işleri kämilleşdirmegiň ýollary» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Oňa gatnaşyjylar kenarýaka şäherdäki mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler. Welaýatymyzdaky mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň, şeýle hem bilim işgärleriniň öňdebaryjy iş tejribesi esasynda  taýýarlanan okuw-görkezme esbaplarynyň we usuly işleriniň sergisi bu möhüm çärä gatnaşanlarda uly gyzyklanma  döretdi.

Usuly-amaly maslahatda çykyş edenler mekdebe çenli çagalar edaralarynda öňdebaryjy iş tejribeleri öwrenmegiň we ýaýratmagyň, halypa-şägirtlik işlerini alyp barmagyň ýollaryny dowam etdirmegiň ugurlary barada içgin pikir alyşdylar, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda öňde duran wezipeleri durmuşa geçirmegiň ýollaryny kesgitlediler. Ýagty ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaş nesil barada edýän uly aladalary üçin Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözleri çärede öwran-öwran dile getirildi.