Milli mirasyň belent waspy

Türkmenbaşy şäherinde türkmen halkynyň milli medeni
mirasynyň görnükli eserleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň
sanawyna girizilmegini giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen dabaraly
maslahat «Milli mirasyň galkynýan zamanasy» diýlip atlandyryldy. Ony
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Milli merkezi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň
Sekretariaty hem-de Balkan welaýat häkimligi bilelikde guradylar.
Türkmenbaşydaky
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkeziniň
girelgesinde ýaýbaňlandyrylan sergi dabaraly maslahatyň özboluşly badalgasyna
öwrüldi. Sergini synlanlar muzeý gymmatlyklary, türkmen zenanlarynyň zehininden
dörän nusgalyk el işleri hem-de beýleki medeni gymmatlyklarymyz bilen ýakyndan
tanyşdylar. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary, Ependiniň
şorta sözlerinden ýerine ýetirilen parçalar dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Şeýle
täsirli pursatlar bilen başlanan dabaraly maslahatda türkmen halkynyň dünýäniň
ruhy-medeni ösüşine uly goşant goşandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýan
milli medeni mirasymyzy ylmy taýdan öwrenmekde, baýlaşdyrmakda hem-de dünýä
ýaýmakda ýetilen belent sepgitler, üstünliklere beslenýän döwletli tutumlar
dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Onda çykyş edenler BMG-niň Bilim, ylym we
medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlygyň
netijesinde, ýurdumyzyň 20-den gowrak taryhy, tebigy, medeni we ýazuw
ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň
sanawlaryna girizilmegini munuň buýsançly subutnamasy hökmünde mysal
getirdiler. Maslahatda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda doglan
gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde giňden bellenilip geçiljek akyldar
şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň bu guramanyň «Dünýäniň
hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň
2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly
seneleriň sanawyna girizilmeginiň halkymyzda çäksiz buýsanç duýgularyny
döredendigi aýratyn nygtalyp geçildi.
Dabaraly
maslahatda umumadamzat ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan milli medeni
mirasymyzy aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmekde hem-de dünýä ýaýmakda
ägirt uly işleri üstünlikli durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan
alkyşly sözler belentden-belent ýaňlandy.