Habarlar

Ýylyň şygarynyň şanyna

15.01.2024

Welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Balkanabat şäherindäki nebitçileriň medeniýet köşgünde dabaraly maslahat geçirildi. «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent pähim-paýhasy, dünýä dolýar Magtymguly Pyragynyň sarpasy» diýen at bilen geçirilen maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri, saglygy goraýyş, bilim we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. 

Ýokary ruhubelentlikde geçiren maslahatda edilen çykyşlarda täze ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmeginiň taryhy ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Munuň özi zähmetsöýer halkymyzyň ýürek arzuwynyň aýdyň beýanydyr. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar Watanymyzda uly zähmet ýeňişleri gazanylar, il-ýurt bähbidine gönükdirilen iri möçberli taslamalar rowaçlyklara beslener. Geçen ýylda badalga berlen işler Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterýän ýylda dowamatyny tapar. Maslahatda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi hem-de ýurdumyzy rowaçlyklaryň ýoly bilen röwşen geljege ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Maslahatda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň  taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli işleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy wasp edildi.