Şöhratly ýylyň jemlerine bagyşlandy
Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynda geçirilen,
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dabaraly jemlenmesine öwrülen halkara
ylmy-amaly maslahat hem-de köpugurly sergi ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň
durmuşynda taryhy waka boldy. Balkanly ýaşlaryň öňdebaryjylary bu maslahata
sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Munuň üçin agzybirlikde welaýat kitaphanasyna
ýygnanan ýaşlar köpugurly serginiň hem-de halkara derejeli maslahatyň barşynda
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň beýik ynamyna mynasyp bolan
ýaşlarymyzyň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri
bilen has içgin tanyşdylar. Ýaşlaryň birnäçesiniň ýylyň jemleri boýunça döwlet
sylaglaryna mynasyp bolmagy balkanly ýaşlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Munuň
üçin Milli Liderimizi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy alkyşlaýan hoşallyk
sözleri ýaşlaryň dilleriniň senasyna öwrüldi.
Şeýle
hoşallyk sözleri halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi hem-de tapawutlanan ýaşlara hormatly Prezidentimiziň
adyndan sylaglaryň gowşurylmagy mynasybetli geçirilen aýdym-sazly dabaranyň
dowamynda hem joşgunly ýaňlandy. Welaýat häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde
guramaklarynda welaýat döwlet drama teatrynda geçirilen aýdym-sazly dabarada
çykyş edenleriň aýratyn nygtaýyşlary ýaly, halkara ylmy-amaly maslahat we
köpugurly sergi ýaşlaryň ýurdumyzyň ösüşindäki mynasyp ornuny has-da aýdyň
görkezdi. Dabarada şeýle möhüm ähmiýetli maslahatyň ýokary derejede geçirilmegi
üçin ähli şertleri döredip beren hem-de maslahatyň öňüsyrasynda «Ýaşlar —
Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby sowgat eden hormatly Prezidentimiziň hem-de
Milli Liderimiziň adyna ýene bir ýola alkyş sözleri aýdyldy. Medeniýet we
sungat ussatlarynyň uly joşgun bilen ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlary bolsa
şeýle alkyşly sözleriň mazmun baýlygyny has-da artdyrdy.