Folklor toparlarynyň bäsleşigi
«Garaşsyzlyk ganatym — galkynan medeniýetim» diýen at bilen welaýat
medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat
birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bäsleşige welaýatymyzyň
etrapdyr şäherlerinden gelen folklor toparlary gatnaşdylar. Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi
ösdürmek baradaky tabşyryklaryny durmuşa geçirmek hem-de ösüp gelýän ýaş nesli
milli ruhda terbiýelemek, türkmen halkynyň baý döredijiligini, milli folklor
mirasynyň hazynasyny has-da baýlaşdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik iki
şertden ybarat boldy. Folklor toparlary şahyrana halk döredijilik eserlerini
ýerine ýetirmekde, folklor çykyşlarynyň üsti bilen milli toý däp-dessurlaryny
sahnalaşdyrmakda ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşikde Balkanabat
şäher medeniýet bölüminiň «Şapak» folklor topary baş baýraga mynasyp boldy.
Gyzylarbat etrabynyň medeniýet bölüminiň «Köpetdag» folklor topary birinji,
Magtymguly etrabynyň medeniýet bölüminiň «Sumbar» folklor topary ikinji, Etrek
etrabynyň medeniýet bölüminiň «Etrek nagmalary» folklor topary üçünji orunlary
eýelediler.