Ösüşiň demokratik ýoly bilen beýik geljege tarap

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi we onda kabul edilen çözgütler
ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, unudylmajak wakalary peşgeş
berdi. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň
nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda
ösüşiň demokratik ýoly bilen beýik geljege tarap» ady bilen geçirilen dabaraly
maslahat bu taryhy mejlise bagyşlandy. Oňa
jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän
adamlar, hormatly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýetiniň uludygyny
aýratyn nygtap geçdiler. Ýokary buýsanja beslenen çykyşlarda bellenişi ýaly,
halk bilen geňeşmek we maslahat salmak baradaky asylly däplerimize, milli
demokratik ýörelgelerimize esaslanyp geçirilen taryhy mejlisde Gahryman
Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň eden maksatnamalaýyn çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe ýurdumyzy mundan beýläk-de ähli taraplaýyn ösdürmekde,
badalga berlen özgertmeleri durmuşa geçirmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesini ýokarlandyrmakda öňde durýan wezipeler öz beýanyny tapdy. Gahryman
Arkadagymyzyň nusgalyk döwlet taglymatynyň Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň
gazananlaryny berkitmekde, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmakda, döwlet dolandyryş
ulgamyny kämilleşdirmekde, halk häkimiýetliligini pugtalandyrmakda, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizi ösdürmekde esas bolup durýandygyny aýratyn bellemek
gerek. Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş
derejesiniň — «Altyn Aý» altyn nyşanynyň gowşurylmagy we Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň
dakylmagy halkymyzda ýokary ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Munuň özi
Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!»
diýen baş ýörelgesine esaslanyp durmuşa geçirýän beýik işlerine, jemgyýetiň we
döwletiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlaryna berlen ýokary
bahadyr. Maslahatda şular barada durlup
geçilmek bilen, halkymyzyň röwşen
geljegi, abadan we bagtyýar durmuşy
ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly
Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, adam hakyndaky alada ýugrulan
tutumly işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Dabaraly
maslahatda welaýatymyzyň sungat ussatlary çykyş etdiler. Bu ýere ýygnananlara
ruhy lezzet beren aýdym-sazly çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan nusgalyk işleriniň, ajaýyp döwrümizde
ýurdumyzyň gazanýan beýik ösüşleriniň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, il
agzybirliginiň waspy ýetirildi.