Sarpasy belent ýaşulular
                            Ýaşulularyň halkara güni welaýatymyzda ýokary
ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli welaýat
häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň,  jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde geçiren
dabarasynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň çäksiz aladalary netijesinde ýaşuly nesle sylag-sarpanyň
egsilmezdigi, olaryň her biriniň ählitaraplaýyn alada bilen gurşalýandygy, eziz
Diýarymyzda il-ýurt bähbitli amala aşyrylýan ägirt uly işleriň her biriniň
pähim-paýhasyň mekdebi bolan ýaşulular bilen maslahatlaşyp çözülýändigi barada
buýsanç bilen aýtdylar.  
Welaýatyň 
medeniýet we sungat  ussatlarynyň
çykyşlaryna hem baýramçylyk çäresinde giň orun berildi. Olaryň Berkarar  döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwrüniň 
eşretlerini, Arkadagly Gahryman 
Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işlerini, pähimdar gojalarymyzy,
mährem  enelerimizi wasp edip ýerine
ýetiren aýdym-sazlary belentden ýaňlandy. 
Dabaranyň dowamynda il-sylagly ýaşululara, mährem enelere
welaýatyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan baýramçylyk sowgatlary dabaraly
ýagdaýda  gowşuryldy. 
Welaýatyň il sylagly ýaşulularynyň gatnaşmagynda
Balkanabatdaky «Türkmeniň ak öýi» binasyna, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş
muzeýine, welaýat kitaphanasyna guralan gezelençler aýratyn täsirli boldy.  
Ýaşulularyň halkara gününiň baýramçylyk dabaralary soňra welaýat
merkezindäki  akyldar  şahyrymyz 
Magtymguly Pyragynyň nurana heýkeliniň öňündäki gözel meýdançada dowam
etdi. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň hem-de  welaýatyň adygan aýdym-saz toparlarynyň
ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlarynda Arkadag  Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň
rowaçlyklary, ýaşululara goýulýan sylag-sarpa, bolelin ýaşaýşymyz, bagtly
durmuşymyz öz mynasyp beýanyny tapdy.