Magtymguly etraby — 2022-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzda iň gowy etrap

2022-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby bolan
welaýatymyzyň Magtymguly etrabyna hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna
laýyklykda, degişli baýragy — 1 million amerikan dollaryny gowşurmak dabarasy
sözüň doly manysynda baýramçylyk ruhuna beslendi. Esasy dabaralaryň geçýän
ýeri bolan Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki meýdançanyň baýramçylyk
bezegi özüne çekiji boldy. Ak öýleriň owadan hatary, ajaýyp halylar bilen bezelen
telärler, giň gerimde ýaýbaňlandyrylan sergi dabara millilik öwüşginini çaýdy. Bu
ýerde buýsanjy wakanyň şanyna guralan toý dabarasynyň hormatly myhmanlary
bolan Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýat, etrap
häkimlikleriniň jogapkär ýolbaşçylaryny, Mejlisiň deputatlaryny, jemgyýetçilik
guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekillerini hem-de etrabyň köp sanly ýaşaýjylaryny
joşgunly aýdym-sazlaryň hoş owazy garşylady.
Dabara gatnaşyjylar giňden ýaýbaňlandyrylan sergilerde ýerleşdirilen muzeý
gymmatlyklaryny, halydyr keçe önümlerini, senetçilik, zergärçilik işlerini, surat
eserlerini, sport enjamlaryny uly gyzyklanma bilen synladylar. Şeýle-de olar
sergileriň üsti bilen sebitiň oba hojalygynyň, dokma pudagynyň ýeten sepgitlerine,
hususyýetçileriň gazanýan üstünliklerine aýdyň göz ýetirdiler. Türkmen milli
göreşi, ýaglyga towusmak boýunça geçirilen ýaryşlar dabaranyň şowhunyny
artdyrdy. Hatara düzülen toý gazanlarynda taýýarlanan milli tagamlar myhmanlara
hödür-kerem edildi.
Magtymguly Pyragy muzeýiniň girelgesinde guralan kitaplaryň we surat
eserleriniň sergisi hem aýratyn özüne çekiji boldy. Onda Gahryman
Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan döräp, giň okyjylar köpçüliginiň gyzgyn
söýgüsini gazanan kitaplar, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň eserleri,
şahyra we etrabyň gözel künjeklerine, Watanymyzyň ösüşlerine bagyşlanan
suratlar ýerleşdirildi.
Şunuň ýaly täsirli pursatlardan ruhy lezzet alan dabara gatnaşyjylar soňra
muzeýiň mejlisler jaýynda «Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadagly Serdarymyz!»
diýen at bilen geçirilen dabaraly maslahata gatnaşdylar. Onda, ilki bilen, hormatly
Prezidentimiziň 2022-nji ýylda ýurdumyzda iň gowy diýlip yglan edilen
Magtymguly etrabynyň ähli ilatyna iberen Gutlagy okaldy. Arkadagly
Serdarymyzyň Gutlagy dowamly ýaňlanan şowhunly el çarpyşmalar hem-de
dilleriň senasyna öwrülen alkyşly sözler bilen garşylandy.
Dabarada etrabyň ýaşaýjylaryny iň gowy etrap diýen belent ada mynasyp
bolandyklary mynasybetli aýdylan gutlaglar biri-birine utgaşdy. Arkadagly
Serdarymyzyň Şa serpaýynyň olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrjakdygy
buýsanç bilen bellenilip geçildi. Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, bu şanly waka
diňe bir Magtymguly etrabynyň däl, eýsem, tutuş welaýatymyzyň ilatyny
şatlandyrdy, begendirdi. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» bu taryhy
wakasy gündogaryň beýik akyldary hem-de nusgawy şahyry Magtymguly
Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uly taýýarlyklary görýän sebitiň
ilatynyň toý şatlygyny artdyrdy.
Dabaraly maslahatda öz halkynyň bagtyýarlygy üçin nusgalyk tagallalary
edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden
çykýan alkyş sözleri aýdyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly
Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman
bolmagy, beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi dileg edildi.
Dabaraly maslahatda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul
edildi.
Dabara gatnaşyjylar Magtymguly Pyragy muzeýine gezelenç edip, bu ýerdäki
taryhy gymmatlyklar bilen hem ýakyndan tanyşdylar.