Türkmeniň döwletlilik ýoly ak geljege dowam bolsun!

Üstümizdäki ýylyň 21-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Milli
Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde halk
häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň döredilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli
Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi jemgyýetiň demokratik ösüşini hil
taýdan täze derejä çykarmakda möhüm ädim boldy. Bu möhüm taryhy wakany we
onda kabul edilen çözgütleri ilat arasynda wagyz etmek maksady bilen welaýat
häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, welaýatyň
jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda «Türkmeniň döwletlilik
ýoly ak geljege dowam bolsun!» diýen at bilen dabaraly maslahat geçirildi.
Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçen maslahatda ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda we medeni-durmuş ulgamynda hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan ägirt uly ösüşler, ýokary üstünlikler
dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenleriň aýratyn nygtaýyşlary ýaly,
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
wezipesine bellenilmegi, halkymyzyň öz Milli Liderine bildirýän uly ynamynyň,
beýik söýgüsiniň hem hormatynyň beýanydyr. Taryhy maslahatda kabul edilen il-
ýurt bähbitli çözgütler eşretli durmuşymyzy, bagtyýar ýaşaýşymyzy üpjün
etmekde, döwletimiziň berkararlygyny has-da berkitmekde, milli
gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda asyrlara barabar işleri bitiren Milli
Liderimize halkymyzyň alkyşy bolup, köňüllere doldy.
Dabaraly maslahatda welaýatymyzyň medeniýet, sungat ussatlarynyň, talyp
ýaşlaryň döwrebap aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Köňüllere joşgun,
ylham eçilen aýdymdyr tanslar maslahata gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlap, olaryň
Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan hoşallyklaryny,
buýsançlaryny has-da artdyrdy.
Maslahatyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri — Gahryman
Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza Ýüzlenme kabul edildi.