Röwşen geljek siziň bilen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstümizdäki ýylynyň
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli welaýat
häkimliginiň guramagynda geçirilen dabaraly maslahat toý ruhuna beslendi. «Röwşen
geljek siziň bilen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar!» diýen at bilen geçirilen
maslahatda giň gerim berlen buýsançly çykyşlarda aýratyn nygtalyşy ýaly, şöhratly
taryhymyzda orun alýan her bir ýyl şanly wakalary, taryhy pursatlary, gazanylýan
köptaraply üstünlikleri bilen bagtyýar durmuşymyzy nurlandyrýar. «Halkyň Arkadagly
zamanasy» ýyly hem taryhy wakalara, beýik özgertmelere, dünýä ähmiýetli döwletli
tutumlara baý ýyllaryň biri boldy. Parahatçylyk, dostluk, doganlyk, özara bähbitli
hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýerýän eziz Diýarymyzyň halkara abraý-mertebesi täze
belentliklere göterildi.
Maslahatda çykyş edenler 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
ýyly» diýlip yglan edilmeginiň Arkadagly Serdarymyzyň Watanymyzyň gülläp ösmegine,
halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen beýik işlerine
egsilmez buýsanjyň, bu işleriň mundan beýläk-de giň gerimlerde dowam etdirilmegine
bolan çäksiz isleg-arzuwlaryň özboluşly beýany bolup durýandygyny nygtadylar.
Gahryman Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly, ýaşlar Watanymyzyň güýji-
kuwwatydyr, abraý-mertebesidir hem-de beýik geljegidir. Arkadagly Serdarymyzyň
baştutanlygynda täze taryhy eýýamyň rowana ak ýolundan okgunly öňe barýan
berkarar ýurdumyzda bu hakykat has-da dabaralanyp, tutuş dünýä ýaň salýar. Hormatly
Prezidentimiziň daşyna berkden-berk jebisleşen ýaşlarymyz bu gün döwlet, häkimiýet we
dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda hem-de ulgamlarynda
halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen uzak möhletleýin milli we döwlet
maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde netijeli zähmet çekýärler.
Telekeçilik hem-de jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, ýurdumyzyň kuwwatyny
artdyrmaga, Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň gazananlaryny
pugtalandyrmaga mynasyp goşantlaryny goşýarlar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
ýylynda» bolsa ýüregi arzuwly, kalby joşgunly ýaşlara bu ugurlarda täze belent
sepgitler garaşýar. Dabaraly maslahatda «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini
gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, ýaş nesle uly ynam bildirýän Arkadagly
Serdarymyza ýürekden çykýan alkyşly sözler aýdyldy.
Maslahatyň dowamynda joşgunly ýaňlanan aýdym-sazlarda täze taryhy eýýamyň
rowaçlyklary, Gahryman Arkadagymyzyň ilhalar başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň
beýik tutumlary, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» ösüşlere beslenýän günleri
wasp edildi.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul
edildi.