Habarlar

Täze ýylyň arçalary nur saçýar

16.12.2022

Welaýatymyzda Täze ýyl arçalarynyň baýramçylyk yşyklarynyň ýakylyş

dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi.

Asuda çaýkanyp ýatan gojaman Hazaryň üsti bilen milli gämimizde uzak

ýollary aşyp gelen Aýazbaba bilen Garpamygy bagtyýar çagalar ýokary

ruhubelentlik duýgusy bilen garşyladylar. Deňiz kenarlaryndan Türkmenbaşy

şäheriniň gözelliklerini synlan Aýazbabadyr Garpamygyň gadamy mawy

Hazaryň merjeni bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky biri

beýlekisinden zyýada myhmanhanalaryň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň

üstünden düşdi. Täze ýylyň arzyly myhmanlary ýolugra deňizýaka şäherde

ulanmaga berlen köpugurly hassahanasynyň gözel binasyny, Halkara deňiz

portuny synlap, welaýat merkezine sary ýollaryny dowam etdiler.

Welaýat merkeziniň merdana hem agzybir ýaşaýjylary uzak ýoldan gelen

Aýazbabadyr Garpamygy mähirli garşyladylar. Balkanabat şäherindäki döwrebap

täze binalaryň nurana görnüşleri Aýazbaba bilen Garpamygyň nazaryny

özlerinde egledi.

Aýazbabadyr Garpamyk soňra Bereket etrabynyň çäginde täze açylan

Galkynyş şäherçesine bardylar. Döwrebap şäherçede 300 hojalyga niýetlenen üç

we dört otagly öýler, ajaýyp binalar bagtyýar ýaşaýjylar üçin zerur bolan ähli

ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejede üpjün edilendigini tassyklaýar.

Belent başly Sünt-Hasar daglaryndan aşyp, tebigatyň juda täsin gözelligini

synlap, Magtymguly etrabyna gelen arzyly myhmanlar etrap merkezindäki

Magtymguly Pyragy muzeýine aýlanyp, bu ýerdäki taryhy gymmatlyklary höwes

bilen synladylar. Täze ýylyň hormatly myhmanlarynyň ruhubelent gezelenji

soňra Esenguly etrabynda täze gurlan «Arkadagyň nesilleri» çagalar medeni dynç

alyş merkezinde dowam etdi.

«Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde welaýatymyzyň Täze ýylyň Baş

arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy uly şatlyk-şowhuna, egsilmez joşguna

eýe boldy. Türkmen müçenamasyndaky ýyllaryň eýeleri bolan dürli haýwanlaryň


keşplerini janlandyran körpeler Aýazbaba bilen Garpamygy şatlyk-şowhun bilen

garşy aldylar. Soňra Aýazbaba bilen Garpamyk körpeleriň haýyşyny ýerine

ýetirip, welaýatyň Täze ýylyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakdylar. Dürli

öwüşginlerde şugla saçýan ajaýyp yşyklar, asmana uçurylan howa şarlary,

döwrebap aýdym-sazlaryň belent owazy baýramçylyk dabarasynyň geçýän ýerini

şatlyk-şowhuna besledi. Aýazbabadyr Garpamykdan Täze ýyl sowgatlaryny alan

çagalar bezemen arçanyň daşynda döwre gurap aýlandylar. Olar bagtyýar

çagalygy, ajaýyp döwrümizi, Täze ýyly wasp edýän goşgulary, aýdymlary

aýtdylar, küşt depip, tans etdiler. Özleriniň Täze ýyl arzuwlaryny beýan etdiler.

Bagtyýar çagalyk üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza

egsilmez alkyş aýtdylar.

Täze ýyl arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabaralary welaýatymyzyň ähli

etraplarydyr şäherlerinde hem ýokary ruhubelentlige beslenip, çagalaryň ata

Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, egsilmez söýgüsiniň aýdyň beýanyna

öwrüldi.