Habarlar
12.02.2022

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň suratkeş mugallymlarynyň «Bagtyýarlyk döwrüniň buýsanja beslenen sungat eserleri» atly şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi geçirildi.

Ençeme ýyllaryň dowamynda ýörite çeperçilik mekdebi türkmen suratkeşleri üçin şekillendiriş sungatyna badalga bolup geldi. Indi bolsa, mekdebiň diňe bir mugallymlary we talyplary däl, eýsem ony dürli ýyllarda üstünlikli tamamlan uçyrymlary öz işlerini sergide görkezdiler.

Sergini Abdylla Mämmetberdiýewiň «Mukam», «Toý», «Çörek» atly ajaýyp üç işi açýar. Abdylla Mämmetberdiýewiň bu üç işi – durmuş hakynda, ýöne ol ony erteki görnüşinde beýan edipdir.

Baýdurdy Berdiýewiň «Çopan» atly çeper eseri özboluşly terzde çekilipdir. Bu eser çopanyň işine bagyşlandy. «Toýa» atly suratynda nakgaş sowgatlar bilen toýa barýan zenanlaryň toparyny şekillendirdi. Baýdurdy Berdiýewiň ulanan reňkleriniň sazlaşygy örän dürli, ýöne hemmesi-de sazlaşyklydyr.

Öwezmyrat Lallykowyň «Kakamyň portreti» atly eseri ajaýyplygy bilen tapawutlanýar. Suratkeş agyr bir pikiri beýnisinde aýlaýan orta ýaşly adamy şekillendiripdir. Onuň gujurly ýüzüniň ýakymly alamatlary ruhy taýdan güýçli adamyň keşbini janlandyrýar.

Arassa ýiti reňkli natýurmorty Aýgözel Nigarowa görkezdi. Surat ter, döwrebap görünýär, şol bir wagtyň özünde-de onda gündogar öwüşginleri bar.

Toýly Çopanow öz işini «Bol hasyl» diýip atlandyrypdyr. Ýaşuly şireli üzümden bir çelegi dolduryp, uly guwanç bilen hasyly öýüne alyp barýar. Surat ýaşulynyň bagynyň her bir ýapragyna şöhle salýan günüň bol nuruna beslenip dur. Günüň ýalkymly nurundan daşyndaky zatlar şatlyk döredýär.

Sergä gelenleriň arasynda tanymal türkmen sungat öwrenijisi Azat Annaýew hem bar, biz hem bu sergi hakyndada öz pikirini aýtmagyny haýyş edip, oňa ýüzlendik.

– Sergi oňyn, ajaýyp eserler bilen täsir galdyrýar – diýip, ol özünde galan täsirler barada aýdýar. – Olaryň täsiri Sergi merkeziniň zaly giňelen, gyş güni-de güneşli ýaz gününe öwrülen ýaly boldy. Men, aýratyn hem, çagalaryň çeper eserlerini haladym. 

Taryhy mowzukda işleýän suratkeş Toýly Çopanow aýratyn tapawutlandy. Sergide görkezilen 10 suratynda ol şol döwrüň ruhuny ýetirmek bilen, bizi orta asyrlara alyp barýar. 

Syýa ýa-da tuş bilen çekilen portret grafikasy haýran galdyrýar.

Söhbetdeşlik üçin Azat Annaýewe hoşallyk bildirip, biz kiçi göwrümli heýkeller bilen gyzyklandyk. Aýratyn ünsi çeken Çarymyrat Amanowyň iki eseri – «Çeşme suwy» we «Gussa» boldy.

– Men Aşgabatda ýerleşýär ýörite çeperçilik mekdebiniň uçurymy ýa-da mugallymy däl, ýöne sergide görkezilen eserlere tomaşa etmäge uly gyzyklanma bilen geldim – diýip, ýurdumyzyň suratkeşleriň biri Rahman Umarow «AA» bilen söhbetdeşlikde aýdýar. – Başgalara şekillendiriş sungatyny öwretmek üçin, özüňem işiňe ussat bolmaly. Mekdep mugallymlarynyň eserleriniň sergisi olaryň bu derejä ýetendiklerini aýdyň şaýatlyk edýär.

10.02.2022

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň işgärleri ýerli çig maldan kalsiý nitratynyň tetragidratyny almagyň usulyny işläp düzdüler.

Bu organiki däl birleşme senagat önümçiliginde, hususan-da, sowadyş ulgamyny – sowadyjy diňleri we suw bilen üpjün edýän geçirijileri poslamadan goraýan reagent hökmünde giňden ulanylýar. Kalsiý nitraty oba hojalygynda azot dökünleri hökmünde ulanylyp bilner. Daşary ýurtly alyjylarda şu maksatlar üçin her ýyl diňe Gyýanly polimer zawodyndan ýüz tonnadan gowrak kalsiý nitratyny satyn alýarlar.

Himiýa institutynyň barlaghanasynda bu madda azot kislotasynyň esasan kalsiý karbonatdan ybarat tebigy hek daşy bilen pes temperaturada zyýansyzlandyrylmagy arkaly alyndy.

Alymlar reaktiw hökmünde Marynyň «Maryazot» önümçilik birleşigi tarapyndan öndürilýän konsentrirlenmedik, himiki, organiki däl kislotany we gaýtadan işlenýän mermer galyndylaryny, himiki taýdan çöken heki, mineral kalsiti ulandylar.

Bu synagyň netijesinde täze usuly işläp düzen Himiýa institutynyň, «Maryazot» önümçilik birleşiginiň we «Aziýa önümi» HJ-iň hünärmenleriniň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn şertnama baglaşyldy. Synaga gatnaşanlar ýerli çig maldan reagentiň (üç tonnadan gowrak) synag-senagat toplumyny taýýarladylar, bu toplumyň kömegi bilen Gyýanly polimer zawodynyň suw sowadyş ulgamynda synaglar geçirildi.

Synag ýerli çig maldan sintezlenen önümiň suwuň kalsiý we karbonat gatylygyny artdyrýandygyny we turbalary poslamakdan gorap saklaýan kislota-aşgarly gorag gatlagy bilen üpjün edýändigini görkezdi.

Barlaghananyň müdiri Esger Annahanowyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik baradaky döwlet gullugyna ýerli çig maldan kalsiý nitratynyň tetrahidratyny öndürmegiň innowasion usulynyň awtorlygyny tassyklaýan resminamany almak üçin arza berildi.


03.02.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji fewralda Pekinde geçiriljek XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar. Döwlet Baştutanymyz bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň iri neşirleriniň we teleýaýlymlarynyň wekillerine beren interwýusynda aýtdy. Milli Liderimiz bilen guralan sowal-jogap söhbetdeşligine Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi, hanym Ýuý Sýaoşuan gatnaşdy.

«Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşmak baradaky çözgüdim barada aýdylanda, ol, ilkinji nobatda, bu sport bäsleşikleriniň bütin dünýä üçin ägirt uly ähmiýete eýedigi bilen şertlendirilendir» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz Olimpiýa oýunlary hemişe halklaryň arasynda parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyny, duşmançylygyň hem-de uruşlaryň bes edilmegini, dürli milletleriň, dürli syýasy ynama eýerýän adamlaryň jebisleşmegini, olaryň Olimpiýa hereketiniň belent ýörelgelerine ygrarlylygyny alamatlandyrýandygyny aýratyn üns çekdi.

«Men öz içeri we daşary syýasatynda hut şu ýörelgelere eýerýän ýurduň — Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde Hytaý Halk Respublikasynyň çuňňur hormatlanylýan Başlygynyň çakylygyny minnetdarlyk bilen kabul etdim» diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz bu oýunlaryň örän ýokary guramaçylyk hem-de sport ruhy, adalatly bäsleşik, oňa gatnaşyjylaryň birek-birege hormat goýmak ruhunda, tomaşaçylaryň ägirt uly gyzyklanma ýagdaýynda geçjekdigine ynam bildirdi.

«Biz Hytaýyň bu Olimpiada taýýarlyk görşüni üns bilen synladyk. Taýýarlyk üçin giň gerimli işleriň ýerine ýetirilendiginiň, köp sanly ajaýyp desgalaryň gurlandygynyň, innowasion häsiýetli we ýokary tehnologiýaly çözgütleriň peýdalanylandygynyň hem-de ornaşdyrylandygynyň şaýady bolduk» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz HHR-iň giň gerimli wezipeleri üstünlikli çözmäge ukyplydygyny nobatdaky gezek görkezdindigini bellemek bilen, öňde boljak Olimpiadanyň köp sanly haýran galdyryjy netijeleri berjekdigine, dünýä sportunyň taryhynda unudylmajak waka öwrüljekdigine, Ýer ýüzüniň dürli künjeklerindäki millionlarça adamlar üçin köpöwüşginli hakyky baýramçylyga öwrüljekdigine ynam bildirdi.


31.01.2022

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda «Konstitusion hukuk» magistrlik okuwynyň birinji uçurymlaryna bagyşlanan dabaraly duşuşyk geçirildi. Döwlet synaglaryndan üstünlikli geçip, ylmy-barlag diplom işlerini goran 9 uçurym arzyly diploma eýe boldy. Özi-de, uçurym Mähri Babaýewa Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleriniň arasynda tapawutlanan diploma mynasyp bolan ilkinji adam boldy. «Konstitusion hukuk» magistraturasynyň okuw möhletiniň 1,5 ýyldygyny we konstitusiýa hukugy jähetinden iň gowy halkara hem innowasion milli tejribäni göz öňünde tutmak bilen işlenip düzülen 12 hökmany we 2 sany saýlama okuw derslerini öz içine alýandygyny bellemelidiris. Okuw meýilnamasy 4 esasy ugra: leksiýa we seminar okuwlaryna; talyplaryň özbaşdak okamagyna; ylmy-barlag işlerine; önümçilik tejribeligine esaslanýar.

Magistr maksatnamasy konstitusion we munisipal hukuklaryň nazaryýetini, Türkmenistanda döwlet we ýerli häkimiýetleri guramagyň tejribesini, şol sanda konstitusion düzgüniň esaslaryny, jemgyýetçilik-syýasy gurluşy, ýerli häkimiýet we dolandyryş edaralaryny, parlamentarizmi, kanun çykaryjylyk işini, edara ediş we maliýe hukugyny öwrenmegi, şeýle hem ösüşiň daşary ýurt tejribesini özleşdirmegi üpjün edýär. Maksatnamany doly özleşdirenler düýpli taýýarlyk alýarlar we şonuň esasynda döwlet hem ýerli häkimiýet edaralarynda, şeýle hem iri döwlet we hususy şereketlerde öňdebaryjy bilermenlerdir hünärmenler hökmünde işläp bilerler. Magistrlik maksatnamasynyň möhüm maksady bu ugurda ylmy işgärleri taýýarlamaga ýardam, şol sanda degişli döwlet we hukuk ugrundan aspirantura kabul edilmek üçin ýokary hilli taýýarlyk geçirmek arkaly-da ýardam etmekdir.

Okuw gidişinde «Konstitusion hukuk» magistr okuwynyň talyplary hukuk namalarynyň işlenip düzülmegini we durmuşa geçirilmegini, kanunylygy we tertip-düzgüni üpjün etmegi, ylmy derňewleri geçirmegi, bilim we terbiýe bermegi öz içine alýan nazary hem amaly sapaklary geçdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini gowulandyrmaga gönükdirilen ädimme-ädim kanunçylyk özgertmesini göz öňünde tutmak bilen, uçurymlaryň hünär boýunça işleri hukuk kadalaryny durmuşa geçirmek babatynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny, milli kanunçylygyň we halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini öz içine alýar.

Öwrenilýän okuw dersleriniň «Türkmenistanyň konstitusion hukugy», «Döwlet we hukuk nazaryýeti», «Türkmenistanyň döwlet we hukugynyň taryhy», «Edara ediş kanuny», «Zähmet kanuny», «Maliýe hukugy», «Halkara hukuk» ýaly dersleri öz içine alýan giň topary ünsi özüne çekýär. Bu dersler bilen bir hatarda «Hukuk filosofiýasy», «Deňeşdirme kanuny», «Ýerli öz-özüňi dolandyryş kanuny» ýaly täze, täzeçillik okuw dersleri işlenip düzüldi we maksatnama goşuldy.

2021-nji ýylda Döwlet gullugy akademiýasy tassyklanan okuw meýilnamasynyň esasynda üç sany magistrlik maksatnamasy boýunça maksatly kabul edişligi geçirendigini hem aýdylanlara goşmak gerek: «Sanly dolandyryş» – okuwyň dowamlylygy 1 ýyl, «Konstitusion hukuk» – okuwyň dowamlylygy 1,5 ýyl we «Döwlet dolandyryşy» – okuwyň dowamlylygy 2 ýyl.


31.01.2022

Türkmenistanda hanmudo söweş sungatynyň milli federasiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakow hanmudo koreý söweş sungaty boýunça 4-nji dan derejesine mynasyp boldy. Ýakynda Baton-Ruž şäherinde (Luiziana ştaty, ABŞ) ýerleşýän Hanmudo halkara federasiýasyndan Aşgabada degişli sertifikat gelip gowuşdy.

Orif Buharakowyň aýtmagyna görä, 3-nji dana çenli synaglary ol daşary ýurtlarda geçirilýän seminarlarda – hatarynda Hanmudo halkara federasiýasynyň prezidenti ýokary 10-njy danyň eýesi doktor Kimm bolan abraýly ussat-senseýleriň öňünde üstünlikli tabşyrypdyr.

Hatarynda Afrika, Ýewraziýa we Demirgazyk Amerika yklymlarynyň wekilleri bolan ygtyýarly eminler Türkmenistanly tälimçiniň wideoçykyşyny içgin öwrenip, ildeşimiziň tilsimleriň ählisini kem-köstsüz ýerine ýetirendigini ykrar edip, oňa 4-nji danly ussat-instruktor adyny dakmana netije geldiler. Degişli sertifikata Hanmudo halkara federasiýasynyň prezidenti Kimm gol çekdi.

4-nji dan onuň eýesine diňe bir dünýäniň islendik ýurdunda adamlara hanmudo öwretmäge däl, eýsem okuwçylaryň ussatlygyna baha bermäge we olara 1-nji dandan 3-nji dana çenli dereje bermäge-de mümkinçilik berýär.

Şu wagta çenli hanmudo boýunça 4-nji danly ussat-instruktor Aziýada diňe Koreýa Respublikasynda we Singapurda bardy. Indi şeýle derejeli hünärmen Türkmenistanda-da bar.

2022-nji ýylyň 15-nji iýulynda 60 ýaşaýan Orif Buharakow koreý söweş sungatynyň Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň ösdürip başlady. Ol Aşgabatda 1997-nji ýylda Adalat ministlriginde hasaba alnan Türkmenistanyň Hanmudo söweş sungaty federasiýasyny döretdi. Häzirki wagtda hanmudonyň bölümleri welaýat merkezleriniň ählisinde we Aşgabatda açyldy, olarda tälimçileriň 17-si işleýär we söweş sungatynyň bu görnüşi bilen 400-e golaý türgen meşgullanýar.

Indi Orif Buharakow 5-nji dan üçin indiki synaga taýýarlanýar. 2024-nji ýyla çenli oňa täze tilsimleriň 500-den gowragyny öwrenmäge wagt bar.