Bütindünýä welosiped güni «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda welaýatymyzda ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhunly dabaralara beslendi. Şol gün ir säherden welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde medeni-sport çärelerine badalga berildi. Baýramçylyk gününiň esasy çäresi köpçülikleýin welosipedli ýörişler bolup, welaýat derejesindäki ýöriş Balkanabat şäherinde geçirildi. «Türkmeniň ak öýi» binasyndan «Ilkinjileriň» ýadygärligine çenli ençeme kilometre uzan ýörişe gatnaşyjylar ýol ugrunda medeni-sport çäreleriniň şaýatlary boldular. Birnäçe ýerlerde guralan çärelerde belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda, joşgunly ýerine ýetirilen tanslarda Arkadagly Serdarymyzyň ajaýyp zamanamyzda amala aşyrýan beýik işleriniň, günbe-günden ösüşlere beslenýän ata Watanymyzyň, eşretli durmuşymyzyň, sagdynlygyň, sportuň waspy öz beýanyny tapdy. Halklary ýakynlaşdyrýan, dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýän Bütindünýä welosiped gününiň çärelerine gatnaşan her bir raýat ajaýyp zamanamyza, eziz Watanymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini öwran-öwran dile getirdiler.
Tomus — çagalar üçin
gyzykly we şadyýan döwür. Şonuň
üçin olar bu pasla sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Ine, hemmeler üçin şol arzyly
günler ýetip geldi, dynç alyş günleri başlandy.
Balkan welaýat Taryhy
we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňündäki meýdançada bagtyýar körpeler «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagyndaky «Balkan», «Hazar şäherindäki «Gara Altyn», Serdar
şäherindäki «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine ugratmaga bagyşlanyp
dabara geçirildi. Welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň, welaýat Baş bilim,
medeniýet müdirlikleriniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň welaýat, şäher geňeşleriniň bilelikde guramaklarynda geçirilen
dabara şatlyk-şowhuna beslenip, onda zehinli çagalaryň ýerine ýetiren
aýdym-sazlary bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady.
Bagtyýar çagalar
reňkli şarlar bilen birkemsiz bezelen awtobusda sagaldyş we dynç alyş
merkezlerine tarap ýola düşdüler. Ol ýerlerde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanyp,
çagalar dabaraly ýagdaýda garşy alyndy.
Merkezler ýaş nesliň gowy dynç almagy üçin birkemsiz taýýarlanylypdyr. Çagalaryň wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirmekleri üçin ýörite meýilnama düzülipdir. Ähli amatlyklary bolan giň hem-de ýagty otaglarda ýaş nesliň kitap okamagy, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilipdir. Aýdym-saz, kompýuter we beýleki otaglary çagalaryň hyzmatynda. Merkezlerde zehinli çagalaryň arasynda sungatyň dürli ugurlary hem-de sportuň görnüşleri boýunça bäsleşikleri guramak, duşuşyklary geçirmek, gözel ýerlere gezelençleri guramak göz öňünde tutulýar. Döwrümiziň gül-gunçalaryna, Watanymyzyň daýanjyna deňelýän şadyýan nesillerimiz özleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarlar.
Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan dabaraly çäre welaýat kitaphanasynyň öňündäki
meýdançada welaýat hem-de Balkanabat
şäher häkimlikleriniň, welaýat Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, şäher geňeşleriniň bilelikde guramaklarynda geçirildi. Mekdebe çenli çagalar
edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň, başlangyç
synp okuwçylarynyň ýerine ýetiren joşgunly
aýdym-sazlary bu ýere ýygnananlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Çagalar tans toparlarynyň ýerine ýetiren kompozisiýalary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Welaýat çagalar
sungat mekdebiniň skripkaçylar we fleýtaçylar toparlarynyň çalyp beren ajaýyp
sazlary has-da täsirli boldy.
Çagalar welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde
hem-de welaýat kitaphanasynda gezelençde
boldular. Olar milli gymmatlyklarymyz, taryhy tapyndylarymyz hem-de däp-dessurlarymyz
barada gyzykly gürrüňleri diňlediler.
Baýramçylyga bagyşlanan dabara
Balkanabat şäheriniň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Altyn nur» dynç
alyş merkezinde dowam etdi. Ol ýerde bagtdan paýly körpelerimiz türkmen milli oýunlarynda, aýdym aýtmakda, goşgy
okamakda ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň
halkymyza sowgat beren «Ömrümiň manysy» atly kitabyndan parçalary okadylar.
Soňra çagalar ertekiler dünýäsini ýadyňa salýan dynç alyş merkezinde gezelenç etdiler. Awtoulag meýdançasynda bolup, gämi şekilli hiňňildik uçdular. Multfilmleriň gahrymanlary bilen tanyşdylar. Ýüzleri şatlykdan, kalplary buýsançdan doly körpeler ýatdan çykmajak çärelere beslenen Çagalary goramagyň halkara gününde özleri barada alada edýän hormatly Prezidentimize alkyş aýdyp, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Balkanabat şäherindäki 22-nji çagalar bagynyň welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda guran ýaryşy gyzykly häsiýete eýe boldy. Bütindünýä welosiped gününiň öň ýanynda çagalaryň welosiped sürmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri toýlary toýlara ulaşýan ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň barha rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsine öwrüldi. «Kim çalasyn, kim çakgan?» atly bäsleşikde bolsa körpeler sportuň dürli görnüşleri boýunça güýç synanyşdylar. Ýaryşlara gatnaşan çagalaryň hemmesine welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly
zamanasy» ýylynda halyçy gelin-gyzlara goýulýan hormat-sarpanyň belentdiginiň
nobatdaky subutnamasy bolup dabaralanan Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli
Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki giň meýdançada
geçirilen aýdym-sazly toý çäresi şatlyk-şowhuna beslendi. Dabara il sylagly
ýaşulular, mährem eneler, halyçy gelin-gyzlar, önümçilik kärhanalarynyň, bilim,
medeniýet, sport ulgamlarynyň işgärleri, ýaşlar gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýeri birkemsiz bezeldi. Haly we haly
önümleriniň, el işleriniň, milli şaý-seplerimiziň, muzeý gymmatlyklarynyň
sergisi dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.
Çäräniň dowamynda edilen çykyşlarda halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän
halyçylyk sungatyny ösdürmekde, haly gölleriniň gadymy nusgalaryna täze öwüşgin
çaýmakda asylly zähmet çekýän zenanlara hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly
hormat-sarpa goýulýandygy buýsanç bilen nygtaldy. Halyçy zenanlaryň
mähir-yhlasyndan dörän haly sungatynyň barha kämilleşmegine, şan-şöhratynyň
älem-jahana ýaýylmagyna ak ýollary açýan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden
alkyş aýdyldy. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy, alyp
barýan işleriniň barha rowaçlanmagy arzuw edildi.
Baýramçylyk dabarasynda sungat ussatlarynyň we ýaş çeper höwesjeňleriň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, tanslarynda, küştdepdidir gazallarynda zenan zehininden döreýän nepis halylar, abraýy arşa galýan ata Watanymyz, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri wasp edildi. Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreler welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde hem şatlyk-şowhuna beslendi.