Habarlar
2022-nji ýylyň maý aýyndan Kerkiden Türkmenbaşa uçar gatnawy ýola goýlar
13.05.2022

2022-nji ýylyň maý aýynyň ahyryndan başlap, Kerkiden Türkmenbaşy şäherine uçar gatnawy ýola goýlar. Ozal bu şäherleriň arasynda göni uçar gatnawy ýokdy. Uçar gatnawy her hepdäniň duşenbe güni «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Boeing 737-700 uçarynda amala aşyrylar. Belläp geçsek, Kerki şäherindäki täze halkara howa menzili 2021-nji ýylyň iýun aýynda açylyp ulanylmaga berildi. Türkmen telekeçileri tarapyndan gurlan howa menziliniň sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge mümkinçiligi bar.
10.09.2025
03.09.2025
01.09.2025
22.08.2025
13.08.2025