Habarlar

Tohumyň müňlesin, babadaýhan!

02.09.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň güýzlük bugdaý ekişine welaýatymyzyň oba hojalyk toplumynyň işgärleridir zähmetsöýer gallaçy babadaýhanlary ýokary taýýarlykly geldiler. Şu möwsümde welaýat boýunça bugdaý ekiljek ýerleri sürmek, tekizlemek işleri guramaçylykly ýerine ýetirilip, bugdaý ekiji tehnikalaryň ählisi öz wagtynda doly taýýarlanyp goýuldy.

Bugdaý ekişi mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahatda bugdaý ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýokary guramaçylykda hem-de öz wagtynda geçirmekde, kuwwatly tehnikalary gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işletmek bilen, olaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakda öňde durýan möhüm wezipeleriň üstünde durlup geçildi.

Bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli gallaçy kärendeçiler bilen welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine guralan gezelenç aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Soňra Gyzylarbat etrabynyň D.Azady adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän «Ezber eller» hojalyk jemgyýetiniň bereketli ekin meýdanynda bugdaý ekişine badalga berilmegi mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabara gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň bugdaý ekişine başlamaga beren ak patasyndan ruhlanyp, asylly däbe görä, il içinde uly sylag-sarpanyň eýesi bolan ýaşulularyň «Bismillasy» bilen bugdaý ekişine girişildi.

Dabaranyň geçýän ýerinde guralan maslahata gatnaşyjylar welaýatymyzyň ekin meýdanlarynda ekiljek bugdaý tohumlarynyň görnüşleri bilen tanyşdyryldy. Şu möwsümde ekin dolanyşygyna girizilen ýerlerde bugdaýyň ozal synagdan geçen «Serdar», «Arkadag», «Pyragy», «Alekseýiç» we «Bezostaýa 100» ýaly görnüşleri ekiler.

Şanly ýylda welaýatymyzda 50 müň gektara azyklyk bugdaý tohumy ekilip, ondan geljek ýylyň orak möwsüminde 80 müň tonna guşgursak däne hasyly ýygnalar. Ekiş möwsüminde «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň garamagyndaky kuwwatly traktorlaryň 137-siniň hyzmatyndan peýdalanylar. Gyzylarbat we Bereket etraplarynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynda ýörite döredilen tehniki taýdan hyzmat ediş toparlary möwsümiň tutuş dowamynda iş üstünde bolup, bökdençligiň ýüze çykmazlygyny gazanarlar. 

Bu ýerde bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli guralan dabara oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Belent joşgun bilen ýerine ýetirilen şirin aýdym-sazlar, milli tanslar dabara ýygnananlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Sahna ussatlarynyň babadaýhanlarymyzyň gündelik iş-aladalaryndan taýýarlan çykyşlary, aýdymçylaryň parahat Watanymyzy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny wasp edýän aýdymlary täsirliligi bilen tapawutlandy. Bagşylaryň belent owazly aýdym-sazlary bolsa toý meýdançasyndaky dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Çäräniň geçýän ýerinde ak öýler dikilip, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan el işleriniň sergisi, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleri, hünärli ussalaryň elinden çykan, oba adamlarynyň zähmet gurallary we öý-hojalyk esbaplary köpleriň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Galla önümleriniň sergisi bereketli topragymyzdan önýän gallany gaýtadan işleýän senagatyň okgunly ösüşi başdan geçirýändigini we onuň geljeginiň uludygyny ähli aýdyňlygy bilen görkezdi. Pälwanlaryň arasynda milli göreş boýunça guralan bäsleşik çekeleşikli boldy.

Ýurdumyzyň oba hojalygyny depginli ösdürmekde döwlet derejesinde edilýän ägirt uly aladalardan ruhlanyp, bugdaý ekişine guramaçylykly girişen welaýatymyzyň babadaýhanlary özlerine döredilip berilýän ajaýyp şertlerdir mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza  tükeniksiz alkyş sözlerini aýtdylar.