Habarlar

Ylymlar gününe bagyşlanan aýdym-sazly dabara

12.06.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň öňündäki meýdançada Ylymlar güni mynasybetli guralan aýdym-sazly dabaraly çärä alymlar, nebitgaz toplumynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýerde medeniýet we sungat ussatlary öz aýdym-sazlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleriniň, ösüşlere beslenýän döwrümiziň waspyny ýetirdiler. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň kompozisiýa eseri şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Baýramçylyk mynasybetli «Nebitgazylmytaslama» institutynyň ýygnaklar jaýynda geçirilen «Ylym-bilim kämilligiň ýoludyr» atly ylmy-amaly maslahat täsirli boldy. Bu ýerde çykyş edenler ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmekde badalga berlen özgertmeleriň giňden rowaçlanýandygyny, kämil hünärmenleriň kemala gelýändigini buýsanç bilen bellediler.

Maslahata gatnaşyjylar Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde guralan sergä syn etdiler.