Nowruz baýramy — il agzybirligiň nyşany
Iki günläp göwün göteriji toý
çärelerine beslenen Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň dabaralary
welaýatymyzda biri-birine ulaşdy. Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki gözel
meýdançada toý ýörişi bilen badalga alan baýramçylyk dabarasy täsirli
pursatlara baý boldy. Parahatçylygy, ynsanperwerligi, dost-doganlyk
ýörelgelerini rowaçlandyrýan, däp-dessurlary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl
medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen dabara
bu baýramçylyk bilen bagly halkymyza mahsus aýratynlyklara beslendi. Welaýat
hem-de şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik
guramalarynyň tagallalary bilen guralan dabaranyň geçýän ýerinde dikilen ak
öýler, owadan halylar düşelen telärler, türkmen obasynyň durmuşyndan
ýaýbaňlandyrylan görnüşler, taryhy-medeni gymmatlyklaryň, amaly-haşam
sungatynyň, el işleriniň sergileri özüne çekiji boldy. Aýal-gyzlar halkymyza
mahsus ümeçilik dessurlaryndan parçalary, şeýle-de dürli Nowruz tagamlarynyň
taýýarlanyşyny görkezdiler. Bu pursatlar halkymyzyň Milli bahar baýramy bilen
bagly kämil garaýyşlarynyň, mizemez ýörelgeleriniň mynasyp beýanyna öwrüldi.
Bezemen sahnada medeniýet we
sungat ussatlarymyzyň ýaýbaňlandyran joşgunly çykyşlary baýramçylygyň çuňňur
mazmuny bilen ajaýyp sazlaşyk tapdy. Şirin aýdym-sazlar Gahryman Arkadagymyzyň
hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz halkyna peşgeş beren ajaýyp döwrüniň,
bagtyýar durmuşynyň, waspy bolup ýaňlandy. Türkmen halkyna mahsus
Nowruz dessurlary bolsa folklor toparlarynyň, welaýat döwlet drama teatrynyň
sahna ussatlarynyň çykyşlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Milli bahar baýramynyň — Halkara
Nowruz gününiň täze taryhy eýýamda mazmun taýdan has-da baýlaşýandygyny açyp
görkezen şunuň ýaly täsirli çäreler Magtymguly etrabynyň bahar lybasyny geýnen
gözel ýaýlasynda hem uludan tutuldy. Oňa hem welaýatymyzyň çar künjünden
myhmanlar baýramçylyk ýörişi bilen geldiler. Ýokary guramaçylyga eýe bolan
dabarada bagşy-sazandalaryň, estrada aýdymçylarynyň, tansçylaryň, folklor
toparlarynyň, sahna ussatlarynyň täsirli çykyşlaryna giň gerim berildi. Ýaz
aladalaryna ulaşan oba durmuşyny janlandyrýan pursatlar — erkana otlap ýören
dowar sürüleri, owlak-guzularyň naşyja sesleri, köşejigini yzyna tirkäp, otlap
ýören arwana düýeler, güjüjegi bilen oýnap ýören oglan-gyzjagazlar... ýaşyl
begrese bürenen ýaýlanyň gözelligini artdyryp, dabara gatnaşyjylarda ýatdan
çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.
Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň
hormatyna «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»
ýylynyň belent ruhuna laýyk derejede uludan tutulan dabaralar özüniň çuňňur
many-mazmuny bilen bagtyýar durmuşymyza buýsanjymyzy täze belentliklere göterdi.