Habarlar

Bedew batly Diýaryma Nowruz geldi, ýaz geldi

21.03.2026

Milli bahar baýramy mynasybetli welaýat häkimliginiň guramagynda «Bedew batly Diýaryma Nowruz geldi, ýaz geldi» diýen at bilen Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde aýdym-sazly çäre geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi halkymyz ýokary ruhubelentlikde şatlyk-şowhun bilen garşylaýar. Asyrlarboýy dowam edip, biziň günlerimize gelip ýeten, dost-doganlygyň, agzybirligiň, rysgal-berekediň baýramçylygy bolan Milli bahar baýramy ynsan kalplaryna şatlyk paýlaýar we ähli gözelligi, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi özünde jemleýär. Nowruz gününde adamlar birek-biregi ýazyň gelmegi hem-de ajaýyp baýram bilen gutlap, ýylyň bereketli bolmagyny arzuw edýärler, babadaýhanlarymyz ýagşy arzuw-niýetler bilen topraga tohum sepip, täze hasylyň düýbüni tutmaga girişýärler. Şu zatlaryň ählisi hem Nowruzyň halkymyzyň durmuşynda uly orny eýeleýändiginiň subutnamasy bolup durýar.

Baýramçylyk çäresiniň dowamynda şular dogrusynda buýsanç bilen gürrüň edildi. Toý-baýramlarymyzyň uludan bellenmegi, milli däp-dessurlarymyzyň dünýä ýaýylmagy üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Çärede aýdym-sazly çykyşlara hem giň orun berlip, sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, joşgunly tanslarda ajaýyp zamanamyzyň, Milli bahar baýramynyň, bahar paslynyň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň waspy belentden-belent ýaňlandy.