Enelere belent sarpanyň nyşany
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri
welaýatymyzda hem biri-birine ulaşdy. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda
sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de mynasyp terbiýeläp ýetişdiren
eneleri sarpalamak dabarasy hem şeýle çuň mazmunly baýramçylyk çäreleriniň biri
boldy. Onda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, zenanlara uly hormat-sarpa goýýan
halkymyzyň bu ýol-ýörelgesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
täze mazmuna eýe bolýar. Eneligi we çagalygy, maşgala gymmatlyklaryny goramak,
aýal-gyzlaryň hünär, döredijilik, aň-paýhas mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak,
olaryň kanuny bähbitlerini, hukuklaryny, gender deňligini üpjün etmek döwlet
syýasatymyzyň möhüm aýratynlygydyr. Dabarada munuň üçin Gahryman Arkadagymyza
hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş sözleri aýdyldy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň Permanyna
laýyklykda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylan eneler gutlanyp,
olara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan gymmatbahaly sowgatlar şowhunly
el çarpyşmalar astynda gowşuryldy. «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe bolan köp
çagaly eneler bolsa özleri barada döwlet derejesinde edilýän ägirt uly aladalar
üçin Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize ene kalbyndan çykýan
alkyşlaryny beýan etdiler. Şunuň ýaly tolgundyryjy çykyşlar welaýatymyzyň
sungat ussatlarynyň mährem eneleri, gelin-gyzlary, bahar paslyny, «Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy
tutumlaryny taryplaýan aýdym-sazlaryna utgaşdy.
Köp çagaly enelere Bereket etrabynyň Galkynyş
şäherçesinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy hem ýatda
galyjy boldy. Onda hem gutlag çykyşlaryna uly orun berilip, zenanlaryň eziz
Watanymyzyň gazanýan köpugurly ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşmaklaryny
gazanmakda, sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişmeklerini üpjün etmekde, köp
çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamakda üstünlikli amala aşyrylýan
döwletli tutumlar barada ýene bir ýola buýsanç bilen nygtaldy. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň
açarlaryny ýüzlerine sylan köp çagaly eneler — Balkanabat şäheriniň Oglanly
şäherçesiniň ýaşaýjysy Hurma Baýramalyýewa we Balkanabat şäheriniň Gumdag
şäherçesiniň ýaşaýjysy Arzygül Täçgulyýewa ýokary amatlyklary bolan döwrebap
öýleri sowgat eden Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza
tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler. Sungat ussatlary bezemen sahnada
joşgunly aýdym-sazlary, milli tanslary ýerine ýetirip, dabaranyň şowhunyny
artdyrdylar.
Soňra dabara gatnaşyjylar täze öýleriň mümkinçilikleri
bilen ýakyndan tanyşdylar hem-de «Ýurt garşy alsyn! Toýly jaý bolsun!» diýip,
öý eýelerini täze ýaşaýyş jaýlary bilen gutladylar. Giňden ýazylan toý saçagynyň
nygmatlaryndan dadyp, agzybir halkynyň bagtyýarlygy üçin ähli tagallalary edýän
Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň
uzak bolmagyny, beýik tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw
etdiler.