Habarlar

Kalplary buýsanja beslän baýramçylyk çäresi

08.03.2026

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen dabaraly çäre dürli ugurlarda zähmet çekýän gelin-gyzlary, mährem eneleri üsti naz-nygmatly toý saçagynyň başynda jemledi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi we nesil terbiýelemegi ugrunda uly aladalar edilýär. Muňa «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän şatlyk-şowhunly çäreleriň we olarda edilýän buýsançly çykyşlaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen dabaraly çärede hem buýsançly çykyşlara giň orun berlip, zenanlara egsilmez hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Sungat ussatlarynyň, aýdym-saz, tans  toparlarynyň çykyşlary dabaraly çäräniň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda, joşgunly tanslarda, küştdepdidir gazallarda Halkara zenanlar gününiň, bahar paslynyň, eneleriň, zenanlaryň waspy ýetirildi.