Habarlar

Ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlandy

20.02.2026

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen dabaraly maslahat ýokary ruhubelentlige beslendi. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilige ýugrulan, bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan türkmen diplomatiýasy, bedew batly ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň daşary syýasatda durmuşa geçirýän tutumly işleri barada giňişleýin söhbet edildi.

Işjeň ýagdaýda geçen maslahatda çykyş edenler döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň möhüm ähmiýeti barada aýratyn nygtamak bilen, sebitde we dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagynda, özara ynanyşmagyň berkidilmeginde, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde tagallalaryny gaýgyrmaýan  döwletimiziň abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň has-da belende göterilýändigini, türkmen diplomatiýasynyň dünýä ýurtlarynyň ösüşine, halklaryň parahatçylygynyň hatyrasyna hyzmat edýändigini belläp geçdiler. Dabaraly maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyşlar aýdyldy.

Dabaranyň dowamynda täze taryhy döwürde ýurdumyzyň  durmuşa geçirýän dünýä ähmiýetli işlerini, baky Bitaraplygymyzy, parahatçylygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.