Göwünleri galkyndyrýar «Galkynyş»
Hormatly
Prezidentimiziň 13-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk
we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň işlenip
taýýarlanandygyny aýdyp, bu ugurda degişli resminama gol çekmegi aýratyn
ähmiýete eýe boldy. Munuň özi şanly ýylyň ilkinji aýynda Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk
sungaty festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin «Galkynyş» milli at
üstündäki oýunlar toparyna Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk
assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagynyň şanyna Balkanabat
şäherinde geçirilen dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylygynyň gözbaşyna
öwrüldi.
Hakyky türkmen
toýlaryna mahsus şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenen dabaraly çäreler
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň welaýat Taryhy we
ülkäni öwreniş muzeýiniň öňünde milli däp-dessurlarymyza laýyklykda duz-çörek
bilen garşylanmagy arkaly badalga aldy. Bu ýerde joşgunly aýdym-sazlar
belentden ýaňlanyp, dabaranyň şowhunyny artdyran medeni çykyşlarda Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik özgertmeleriniň, behişdi
ahalteke bedewleriniň, şanly ýylyň beýik tutumlary taryplandy. Halkymyzyň ýagşy
yrym-ýörelgesine eýerilip, «Galkynyş» toparyna dagdan agajyndan ýasalan nalyň
gowşurylmagy aýratyn ýatda galyjy boldy. Şeýle-de, toparyň agzalary bu ýerde
ýaýbaňlandyrylan milli atçylyk sungatyna, amaly-haşam, el işlerine degişli
sergini synlap, çäksiz ruhy lezzet aldylar.
Şunuň ýaly
täsirli çärelerden soňra toparyň agzalary asman atlaryna deňelen ahalteke
bedewlerine atlanyp, şäheriň döwrebap şaýoly boýunça guran toý ýörişi arkaly
«Türkmeniň ak öýi» binasyna tarap ugur aldylar. Ýörişiň dowamynda şöhraty ýedi
yklyma dolan toparyň agzalaryny şaýoluň ikiýan gyrasyny dolduran toý mähellesi
alkyşly sözler, şowhunly el çarpyşmalar bilen mübäreklediler. Toý ýörişiniň dowamynda
guralan medeni çäreler dabaraly ýörişiň şowhunyny has-da artdyrdy. Welaýatymyzyň
döredijilik tans toparlarynyň gelin edinmek dessuryndan görkezen parçalary, sungat
ussatlarynyň edebi-sazly kompozisiýalary hemmelerde ýakymly duýgulary döretdi.
«Türkmeniň ak
öýi» binasynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan medeni çykyşlar dabaraly çäreleriň
mazmun baýlygynyň üstüni ýetirip, halkymyzyň gamyşgulak bedewlerimize bolan
çäksiz buýsanjynyň, türkmen bedewleriniň dünýä dolan şan-şöhratyny öňküdenem
belende göterýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize bolan egsilmez
alkyş sözleriniň mynasyp beýanyna öwrüldi. Ýürekleriň töründen çykýan şeýle
hoşallyk sözleri «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ajaýyp sahnasynda dowam eden buýsançly
çykyşlaryň, belent heňlerde ýaňlanan aýdym-sazlaryň, ýerine ýetirilen
küştdepdidir gazallaryň içinden hem eriş-argaç bolup geçdi. Çykyşlaryň çuňňur mazmunynda
beýan edilişi ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan
üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen
halkynyň milli guwanjy, buýsanjy bolup durýan ahalteke bedewlerine bolan
nusgalyk söýgi-sarpasynyň miwesidir. Şeýle hormat-sarpa bedewlerimiziň
şan-şöhratyny belende göterip, «Galkynyşy» täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Dabarada «Galkynyş»
toparynyň täsirli çykyşlaryna orun berilmegi aýratyn ýatda galyjy boldy.
Toparyň agzalarynyň çapyp barýan bedewleriň üstünde ussatlyk bilen ýerine
ýetirýän oýunlary, çalasyn hereketleri hemmeleri haýran galdyrdy. Olaryň
çykyşlary dowamly ýaňlanan el çarpyşmalar bilen garşylandy. Sungat ussatlarynyň
bedewlere atlanyp, ýerine ýetiren şirin aýdymlary dabaranyň täsirli
pursatlarynyň üstüni ýetirdi.
«Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bezeg berýän
çuň mazmunly çäreleriniň hatarynda mynasyp orun alan dabaraly çäreler
welaýatymyzyň ilatynyň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň döwletli tutumlaryna bolan ýürek buýsanjyny ýene bir ýola
tassyklady.
Dabaralar tamamlanandan soňra, Balkanabat şäherindäki
«Türkmeniň ak öýi» binasynyň köpçülikleýin dabaralar geçirilýän ýerinde toý
sadakasy berildi.