Habarlar

Hünärim bar, hormatym bar

13.02.2026

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Hünärim bar, hormatym bar» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň nusgalyk sungatyndan görelde alyp, el hünäriniň mynasyp dowam etdirilmegine goşant goşmak maksady bilen, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän çeper elli zenanlaryň arasynda guralan bäsleşik üç şertden ybarat bolup, birinji şertde oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň ösüşleri, zenan mertebesi, milli mirasymyzyň, sungatymyzyň sarpasy barada buýsanç bilen söhbet etdiler. 30 minutyň dowamynda gyzjagazlar üçin niýetlenen köýnegi biçip hem tikip görkezmekden ybarat bolan ikinji şert has-da täsirli boldy. Bu şertde bäsleşige gatnaşyjylar milli lybaslarymyz, olara salynýan nagyşlaryň manysy, köýneklik matanyň saýlanyp alnyşy barada hem gürrüň berdiler. Üçünji şertde bäsleşige gatnaşyjylar öz tiken eşikleriniň esasynda döwrebap milli lybaslarymyzyň görkezilişini gurap, olary çeper wasp etdiler.

Şeýlelikde, «Hünärim bar, hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda baş baýraga welaýatymyzyň ezber elli zenanlary mynasyp bolmagy başardylar. Birinji orny Mary welaýatynyň, ikinji orny Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, üçünji orny Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň gelin-gyzlary eýelediler.