Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň
Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de welaýat bölüminiň birleşen
tagallasy bilen okuw maslahaty geçirildi.
«Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary» ady bilen geçirilen okuw
maslahaty bäş günläp dowam etdi. Oňa Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň
Merkezi geňeşiniň we welaýat bölüminiň geňeş agzalary, ilkinji zenanlar guramalarynyň
başlyklary we agzalary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, hukuk goraýjy
edaralaryň işgärleri we mährem eneler gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň maksady Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işini
kämilleşdirmekden, ösdürmekden we döwrebaplaşdyrmakdan ybarat bolup, onuň
çäklerinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport
toplumynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany» ýyly mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat, şeýle-de dürli ýerlerde
«Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek
ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek», «Zenanlar — Zeminiň zynaty» atly
maslahatlar, söhbetdeşlikler geçirildi. Türkmen gelin-gyzlarynyň el işleriniň,
amaly-haşam sungatynyň sergileri guraldy. Okuw maslahatynyň tutuş dowamynda
geçirilen şeýle çärelerdir sergilerde, tegelek stoluň başyndaky
söhbetdeşliklerde zenanlaryň jemgyýetde tutýan ornunyň ýokarydygy barada buýsanç
bilen adyldy. Şeýle-de zenanlaryň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine
mynasyp goşant goşýandyklary, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, medeniýeti
we sungaty, ylym-bilimi, telekeçiligi ösdürmekde halal zähmetiň nusgasyny
görkezýändikleri bellenildi. Zenanlaryň mümkinçiliklerini ösdürmek bolsa,
döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.
Ajaýyp döwrümiziň
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda
hem Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen
ata Watanymyz täze ösüşlere badalga aldy. Bagtyýar zenanlarymyzam döwrümiziň
bezegi bolup, eşretli durmuşyň hözirini görýärler we döredýän
şert-mümkinçilikleri üçin Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize tüýs
ýürekden alkyş aýdýarlar. Okuw maslahatynyň tutuş dowamynda şular dogrusynda
giňişleýin bellenildi. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza
alkyşlar dilleriň senasyna öwrüldi.