Döwrebap binalaryň açylyş dabaralary
Ajaýyp
zamanamyzyň häzirki nurana günleri kalplary şatlyga, buýsanja besleýän ajaýyp
pursatlara baýlygy bilen tapawutlanýar. Watan goragçylarynyň güni mynasybetli
Esenguly etrap merkezinde etrap prokuraturasynyň täze edara binasynyň dabaraly
ýagdaýda ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.
Iki gatdan ybarat täze binanyň açylyş dabarasy
uludan tutuldy. Oňa Türkmenistanyň
Baş prokuraturasynyň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary,
welaýat, etrap häkimlikleriniň, syýasy
partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler ýurdumyzyň obalaryny, şäherçelerini, şäherlerini gözel
görnüşe getirmek, dürli ulgamda zähmet çekýän hünärmenleriň iş şertlerini
has-da gowulandyrmak barada edýän irginsiz aladalary üçin türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Açylyş dabarasynda medeni çärelere giň
orun berlip, medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Olaryň joşgunly
çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň
bedew badyndaky ösüşleri, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan dünýä nusgalyk beýik
işleri, bagtyýar durmuşymyz özüniň aýdyň beýanyny tapdy.
Esenguly
etrap merkeziniň binagärlik we şähergurluşyk görküni has-da baýlaşdyran bu binany
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Rysgally
zähmet» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary ýokary hil ülňülerine laýyk gurmagy
başarypdyrlar. Uludan tutulan dabaranyň dowamynda bu binanyň gurluşygynda
zähmet çeken ussat gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly
ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Ýaşuly
nesliň ak patasy bilen toý bagy kesilenden soň, dabara ýygnananlar Esenguly etrap prokuraturasynyň täze
edara binasynyň içine aýlanyp, bu
ýerde döredilen döwrebap amatlyklar bilen içgin tanyşdylar
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Etrek
etrap merkezinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Balkan welaýat
gümrükhanasynyň «Altyn asyr» gümrük nokadynyň
işgärlerine niýetlenen dört gatly,
2 we 3 otagly, 24 öýli ýaşaýyş jaýy hem dabaraly
ýagdaýda ulanmaga berildi.
Täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş
dabarasynda çykyş edenler onuň gurluşygynyň häzirki zaman binagärliginiň iň
öňdebaryjy talaplaryna laýyk gelýändigini,
ähli amatlyklary özünde jemleýändigini buýsanç bilen bellediler. Çykyşlarda
aýratyn nygtalyşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň mynasyp ýaşaýyş-durmuşyny üpjün
etmekde taýsyz tagallalary edýär. Bu durmuş hakykaty Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha giň
gerime eýe bolýan medeni-durmuş maksatly binalaryň depginli dowam edýän
gurluşyklarynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar.
Dabaranyň dowamynda
medeniýet we sungat ussatlarynyň
ýerine ýetiren döwrebap aýdym-sazlary, joşgunly çykyşlary oňa gatnaşanlara ruhy lezzet
paýlady.
Täze ýaşaýyş jaýynyň
gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
agzasy bolan «Gurat gurluşyk» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp bardylar. Açylyş
dabarasynda onuň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylaryň
birnäçesine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlar we öý
eýelerine bolsa jaýlaryň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Täze jaýlarda
ýaşamak bagtyna eýe bolan gümrük işgärleri özleri barada, halkymyz hakynda
edýän bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.