Şanly şygara buýsanjyň beýany
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň
guramagynda welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen dabaraly maslahat
şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»
diýlip atlandyrylmagyna bagyşlandy. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary,
jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, nebitgaz
ulgamlarynyň işgärleri, mährem eneler, edara-kärhanalardaky ilkinji zenanlar
guramalarynyň işjeň agzalary we talyp gyzlar gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35
ýyllyk baýramynyň dabaraly belleniljek ýyly Türkmenistanyň Mejlisiniň karary
bilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»
ýyly diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl
Gutlagynda: «Hoşniýetli arzuw-umytlar bilen garşy alýan täze ýylymyzda mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny belläp geçeris. Watanymyzy bagtyýarlygyň
we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris» diýip
belleýşi ýaly, üstümizdäki ýyl hem ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki
abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has-da artdyrjak ençeme taryhy wakalara
beslener, halkymyzyň yhlasly zähmetiniň netijesinde ähli ugurlarda ýokary
görkezijiler gazanylar. Çünki behişdi bedewler rowaçlygyň, rysgal-bereketiň,
ösüşleriň nyşany bolup durýar.
Maslahatda çykyş edenler şular dogrusynda giňişleýin
gürrüň edip, döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, il-günümiziň
ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynyň hatyrasyna alyp barýan beýik
işlerine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Ata Watanymyzyň bedew
bady bilen gülläp ösmegi, halkymyzyň nurana geljegi babatda taýsyz tagallalary
edýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, belent
başlarynyň aman, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Soňra sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Ýerine ýetirilen şirin owazly aýdym-sazlarda Watanymyzyň, döwrümiziň, ýylymyzyň şygarynyň waspy belentden ýaňlandy.