Habarlar

Döwrebap tehnikalar gelip gowuşdy

14.01.2026

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladasy bilen welaýat häkimliginiň  jemagat hojalygy birleşiginiň düzümleri  üçin satyn alnan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirmeklige ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň hem-de tehnikalaryň gelip gowuşmagy jemagat hojalygynyň işgärleriniň durmuşynda şatlykly waka boldy.  Şu mynasybetli welaýatymyzda geçirilen dabaralar oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak duýgulary döretdi.

Awaza etrap jemagat hojalygy müdirliginde geçirilen dabara welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar. Bu ýerde täze awtoulaglar we tehnikalar türkmen halkynyň milli däplerine laýyklykda, ak un sepilip, üzärlik tütedilip garşy alyndy. 

           Jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirmeklige ýöriteleşdirilen awtoulaglar we tehnikalar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygynyň dabaraly belleniljek  ýylynda welaýatymyzyň  etraplarydyr şäherlerinde amala aşyryljak arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin örän zerurdyr. Şonuň üçin-de dabarada çykyş edenler bular barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. Gelip gowşan döwrebap tehnikalaryň aýratynlyklaryny belläp geçdiler. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde jemagat hojalygynyň düzümleri üçin ýurdumyza getirilen täze, döwrebap tehnikalaryň hatarynda zeý suwuny sorujy,  ýokary basyşda lagym ulgamlaryny arassalaýjy awtoulaglar, süpüriji-ýuwujy, zir-zibil ýükleýän, konteýnerli zir-zibil daşaýan, ýol germew we barýer ýuwýan ýöriteleşdirilen awtoulaglar, ýol ýuwujy-süpüriji kiçi maşynlar, agaç owradyjy, ýük göteriji, suw daşaýjy, ýol ýuwujy, göteriji enjamly kiçi ýol ýuwujy awtoulaglar we beýleki dürli işleri ýerine ýetirýän tehnikalar we goşmaça enjamlar bar. Hytaý Halk Respublikasynyň «Zoomlion», «Dongfeng» we «Infore Enviro» kompaniýalarynyň önümleri bolan döwrebap tehnikalar ilatly ýerlerde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini netijeli alyp barmaga giň mümkinçilikleri berýär.

             Dabarada  «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türkmenis­tan ­— ­bedew bat­ly at-myradyň me­ka­ny» ýylynyň ilkinji günlerinde gelip gowşan ýöriteleşdirilen awtoulaglar we tehnikalar üçin Gahryman Arkadagymyza  hem-de  Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözleri öwran-öwran dile getirildi.