Habarlar

Bilim işgärleriniň maslahaty

09.01.2026

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, onuň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk bolmagyny gazanmakda düýpli işler alnyp barylýar. Munuň oňyn netijeleri 2025 — 2026-njy okuw ýylynyň birinji ýarymynyň jemlenmegi we ikinji ýarymynda öňde durýan wezipeler mynasybetli geçirilen usuly-amaly okuwlarda, bilim işgärleriniň maslahatlarynda aýdyň ýüze çykdy.

Bilim işgärleriniň arasynda birnäçe gün dowam eden usuly-amaly okuwlarda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly sapaklar guralyp, çykyşlar diňlenildi hem-de özara pikir alşyldy. 

Balkanabat şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen şygar astynda maslahat geçirildi. Şäheriň bilim işgärleriniň maslahatynyň geçýän ýerinde guralan sergi hemmelerde uly gyzyklanma döretdi. 

Maslahatda okuw ýylynyň birinji ýarymynda bilim-terbiýe ojaklarynda ýaşlara döwrebap bilim bermekde, olary milli ruhda terbiýelemekde, kämil hünäriň eýeleri edip ýetişdirmekde alnyp barlan işlere seljerme berildi. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň usullaryny baýlaşdyrmakda öňde durýan wezipelere üns çekildi. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk senesiniň giňden dabaralanjak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bilim işgärlerine täze üstünlikler arzuw edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdyldy.