Baş baýdak meýdançasyndaky dabara
Welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda
geçirilen çäre täze, «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at
myradyň mekany» diýip atlandyrylan 2026-njy ýyly mynasyp garşylamaga bagyşlanan
dabaralaryň üstüni ýetirdi. Ir säher bilen welaýat we şäher häkimlikleriniň,
edara-kärhanalaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň,
kümüş saçly eneleriň hem-de ýaşulularyň, ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen çäre
Döwlet senamyzyň belentden ýaňlanyp, mukaddes ýaşyl Tugumyzyň ýokary
galdyrylmagy bilen başlandy. Ruhubelentlige beslenen baýramçylyk dabarasynda buýsançly
çykyşlara uly orun berildi. Olarda bellenilişi ýaly, geçen ýylda halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna gönükdirlen belent maksatlar,
ýurdumyzy gülledip ösdürmege gönükdirilen taryhy tutumlar rowaçlyklara
beslendi. Bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan
ýurdumyzda halkymyzyň eşretli durmuşy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman
Arkadagymyza, Arkadagky Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Şeýle buýsançly çykyşlaryň dowamy baky Bitaraplygymyzy, täze
taryhy eýýamyň beýik tutumlaryny wasp edýän aýdym-sazlara, joşgunly tanslara ulaşdy.
Welaýatymyzyň sungat ussatlary ata-Watanymyzyň ösüşlerini, hormatly
Prezidentimiziň alyp barýan beýik işlerini, gözel Diýarymyzy wasp etdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, dost-doganlygy, eşretli
durmuşymyzy wasp edýän döwrebap aýdym-sazlar alyslara ýaň saldy. Medeni
çykyşlaryň dowamynda asuda asmanymyzy ak kepderiler, dürli reňkli şarlar
bezedi.