Habarlar

Buýsançly göwünleriň baýramçylyk joşguny

31.12.2025

Täze ýyl baýramy mynasybetli «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen dabara her ýylda bolşy ýaly, Aýazbabadyr Garpamygyň gelmegi bilen başlanyp, şatlyk-şowhuna beslendi. Üsti naz-nygmatly toý saçagynyň başynda jemlenen adamlar birek-biregi Täze ýyl baýramy bilen gutlap, ýagşydan-ýagşy arzuwlar etdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşynda berkden-berk jebisleşen halkymyz uly ösüşler we özgertmeler bilen hakydamyza ornaşan 2025-nji ýyl bilen hoşlaşyp, täze — 2026-njy ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylaýar. Mukaddes Watanymyzyň oňyn başlangyçlara, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan ynsanperwer ýörelgeleri dünýä ýüzüne ýaň salýar, ilurt bähbitli beýik işleriň netijesinde ähli ulgamlarda uly üstünliklere, belent sepgitlere ýetilýär. Şunuň ýaly köpugurly tutumlar taryha ýazylýan her bir ýylymyzyň şan-şöhrata beslenýändiginden habar berýär. Edilen çykyşlarda şular dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Bagtyýar halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Belentden ýaňlanan şirin owazly aýdym-sazlar, döredijilik toparlarynyň joşgunly tanslary baýramçylyga özboluşly öwüşgin berdi. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň, Täze ýylyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan üstünlikleriň, ajaýyp döwrümiziň, dost-doganlygyň, agzybirligiň waspy ýetirildi.