Baş arçanyň yşyklary nur saçýar
Welaýatymyzda
Täze ýyl baýramçylygynyň esasy çäreleriniň biri bolan Baş arçanyň yşyklarynyň
ýakylyş dabarasy ýokary ruhubelentlige beslendi. Gojaman Hazar deňziniň mawy
tolkunlaryny, gözel dag tebigatyny synlap gelen Aýazbabadyr Garpamyk nurana ertirlerimiziň eýeleri bolan körpeler
bilen sebitdäki kaşaň we täsin binalara
gezelenç etdiler, täze ulanmaga berlen desgalardyr önümçilik binalary bilen tanyşdylar.
Täze ýyl dabarasynyň hormatly myhmanlary
dünýä jahankeşdeliginiň merjeni hasaplanýan «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagyndaky sagaldyş we dynç alyş merkezlerini synladylar. Olar aýdym-sazlara
beslenen dabaralarda kalplary buýsançdan doly körpelere öz ýurdumyzda
öndürilýän dürli süýjüliklerden
taýýarlanyp, ýaraşykly gaplara gaplanan Täze ýyl sowgatlaryny
gowşurdylar. Azaýbabadyr Garpamyk Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna we Garabogazköl
aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsine baryp gördüler. Arzyly myhmanlar soňra
nebitiň we gazyň baý gorlary jemlenen Uzynada
baýlyklar känine tarap ýola
düşdüler.
Aýazbaba bilen Garpamygyň Balkanabat
şäherine gelmegi, welaýat kitaphanasyna baryp,
bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher
zehinlerinden dörän kitaplary okap görmegi hem çuňňur many-mazmuna eýe boldy. Olaryň
welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda bolup, körpelere Täze ýyl
sowgatlaryny paýlamagy aýratyn ýatda galyjy pursatlara baý boldy.
Täze
ýyl arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy köpçülikleýin toý ýörişi bilen
başlanyp, buýsançly çäreleriň üstüni ýetirdi. Toý ýörişiniň dowamynda asuda,
abadan döwrümizi peşgeş beren, okamaga
we döwrebap bilim almaga giň mümkinçilikleri döreden Gahryman Arkadagymyzyň
hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyş sözler belentden
ýaňlandy.
«Türkmeniň
ak öýi» binasynyň öňünde oturdylan welaýatymyzyň Täze ýyl Baş arçasynyň
yşyklarynyň ýakylyş dabarasy uly şatlyk-şowhuna, egsilmez joşguna beslendi.
Aýazbaba bilen Garpamyk körpeleriň haýyşy bilen welaýatymyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny
ýakdylar. Dürli öwüşginlerde şugla saçýan yşyklar Täze ýyl arçasynyň bezegini
öňküdenem artdyryp, bu ýeriň gözelligine gözellik goşdy.