Türkmenistan — dost-doganlyk mekany
Ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen dost-doganlyk
gatnaşyklary barha pugtalanýar. Muňa Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat
Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda «Türkmenistan — dost-doganlyk
mekany» ady bilen geçirilen türkmen-gazak dostluk aýdym-sazly dabarasynyň
mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek boldy.
Gazagystan
Respublikasynyň Mangistau welaýatynyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarydyr
hünärmenlerinden, belli aýdymçylarydyr sazandalaryndan, tans toparlarydyr teatr
sungatynyň işgärlerinden ybarat bolan wekiliýet welaýat döwlet drama teatrynyň
öňünde düz-çörek, aýdym-sazlar bilen mähirli garşylandy. Dabara gatnaşyjylar
ilki bilen bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergä tomaşa etdiler.
Dabarada
buýsançly çykyşlara giň gerim berildi. Onda çykyş edenler türkmen-gazak
halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary we onuň häzirki döwürde döredýän
döwrebap mümkinçilikleri hakynda durup geçdiler. Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu medeni çäräniň aýratyn uly ähmiýete eýedigini
uly buýsanç bilen bellediler.
Medeni
çäre türkmen we gazak sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam
etdi. Joşgunly çykyşlarda iki halkyň mizemez dostlugynyň,
barha ösýän türkmen-gazak
hyzmatdaşlygynyň, şeýle-de parahatçylygyň waspy belentden ýetirildi.
«Türkmenistan — dost-doganlyk mekany»
atly türkmen-gazak dostluk aýdym-sazly
dabarasy «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan
işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda hem geçirildi. Bu ýerde iki ýurduň ykdysady we medeni ösüşlerine bagyşlanan sergi hem
guraldy.
Şatlyk-şowhuna, egsilmez buýsanja eýe bolan dabara «Küştdepdi» tansy bilen
jemlendi.
Goňşy döwletden gelen myhmanlar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözellikleri bilen tanyşmaga hem giň mümkinçilik aldylar.