Alkyşlara beslenen baýramçylyk

Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de täze,
2025-2026-njy okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanyp geçirilen dürli mazmunly
çäreler welaýatymyzda biri-birine ulaşdy. Welaýat merkezindäki iňlis dili
dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde guralan dabara bilim baýramynyň
şowhunyny has-da artdyrdy. Dabarada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we
bilim işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy aýratyn ýatda galyjy
boldy. Baýramçylyk ruhunda bezelen mekdepde aýdym-sazyň owazy belentden
ýaňlanyp, Bilimler we talyp ýaşlar güni, täze okuw ýylynyň başlanmagy
mynasybetli çykyşlar giňden ýaýbaňlandyryldy.
Olarda bellenişi
ýaly, ýurdumyzyň ösüşini ylym-bilimli, hünärli ýaşlarda görýän, olara uly bil
baglaýan, ynam bildirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim
özgertmeleri rowaçlyklara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe bilim-terbiýe bermek, hünär
öwretmek milli ýörelgelere, dünýä tejribesine, öňdebaryjy usullara, sanly
bilimiň giň mümkinçiliklerine daýanýar. Munuň özi oňyn netijelerini hem berýär.
Ýaşlarymyzyň halkara bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmegini
bu ugurda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň miwesi hasaplamak bolar. Her
ýylyň 1-nji sentýabrynda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze bilim
ojaklarynyň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzda ylym-bilimli, hünärli, beden taýdan
sagdyn, ruhy taýdan kämil ýaş nesliň kemala gelmegi baradaky aladany öz içine
alýar. Ýokary ruhubelentlige beslenen dabarada edilen çykyşlarda şular barada
aýratyn nygtalmak bilen, ylym-bilimi ösdürmek babatda uly işleri alyp barýan
türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy,
belent tutumlarynyň rowaç bolmagy arzuw edildi.
Aýdym-sazlara beslenen dabarada edilen buýsançly çykyşlardan
soň, ilkinji jaň kakyldy. Munuň özi Diýarymyzyň
geljegi bolan ýaş nesli ylymlar dünýäsinde döwrebap bilim almaga, alan
bilimlerini has-da kämilleşdirmäge, ata Watanymyza mynasyp, ilhalar adamlar
bolup ýetişmäge çagyryş bolup ýaňlandy. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30
ýyllygynyň bellenilýän ýylynda 1-nji synpa barýan okuwçylara hormatly
Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» atly
kompýuterleriň sowgat berilmegi aýratyn
ýatda galyjy pursatlary özünde jemledi.
Ak mekdebiň gujagyna dolan okuwçylar bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen şygar astynda geçirilen ilkinji okuw sapagynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplygymyzyň, ýurdumyzyň halklaryň arasynda dost-doganlygy, parahatçylygy pugtalandyrmak, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barýan tutumly işleriniň mazmuny öz beýanyny tapdy.