Habarlar

Bugdaý ekişine badalga berildi

03.09.2025

Döwlet Baştutanymyzyň 29-njy awgustda san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ren Ministr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­niň bar­şyn­da bugdaý eki­şi­ne be­ren ak pata­syn­dan ruh­la­nan we­la­ýaty­my­zyň babadaý­han­la­ry il sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ryň «Bismil­la­sy» bi­len bugdaý eki­şi­ne guramaçy­lyk­ly gi­riş­di­ler. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda bugdaý eki­şi­ne da­ba­ra­ly başla­mak bilen baglany­şyk­ly maslahat geçirildi. Oňa welaýatyň, etraplaryň häkimlikleriniň, gowaça ekişine dahylly edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, oba hojalyk işgärleri,  kärendeçiler hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda bugdaý ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ýokary guramaçylykda hem-de öz wagtynda geçirmekde, kuwwatly tehnikalary   bökdençsiz işletmek bilen, olaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakda öňde durýan möhüm wezipeleriň üstünde durlup geçildi.

Maslahata gatnaşyjylar soňra Gyzylarbat etrabynyň «Ezber eller» daýhan hojalygynyň bereketli ekin meýdanynda bugdaý ekişine badalga berilmegi mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabara gatnaşdylar. Asylly däbe görä, bugdaý ekişine il içinde uly sylag-sarpanyň eýesi bolan hormatly ýaşulularyň «Bismillasy»  bilen girişildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda welaýatymyzda 50 müň gektara bugdaý tohumy ekilip, ondan azyndan 80 müň tonna guşgursak däne hasyly ýygnalar. Ekiji tehnikalar tirkelen kuwwatly traktorlaryň 125-sine erk etjek mehanizatorlar iki çalşykda işläp, möwsümiň bellenen möhletde we ýokary hilli geçirilmegini üpjün ederler. Möw­süm­de eki­ji teh­ni­ka­la­ryň, şol san­da san­ly telematik ul­gam or­naş­dy­ry­lan ta­kyk eki­ji­le­riň hyzmatyn­dan ne­ti­je­li peý­da­la­ny­lar. Jo­gap­kär­li möw­süm­de ula­nyl­jak tehnikalaryň äh­li­si tej­ri­be­li me­hani­za­tor­la­ra ber­ki­dil­di. «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň  Gyzylarbat we Bereket etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynda ýörite döredilen tehniki taýdan hyzmat ediş toparlary möwsümiň tutuş dowamynda iş üstünde  bolarlar. 

Bugdaý ekişine başlanmagy mynasybetli welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň guran dabarasynyň geçýän ýerinde guralan geňeş-maslahata gatnaşyjylar bolsa welaýatyň ekin meýdanlarynda ekiljek bugdaý tohumlarynyň görnüşleri bilen tanyşdyryldy. Şu möwsümde ekin dolanyşygyna girizilen ýerlerde bugdaýyň ozal bu sebitde synagdan geçen «Alekseýiç» we «Bezostaýa 100» ýaly  görnüşleri ekiler. «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň kärhanalarynda güýzlük bugdaý ekişi üçin gerek bolan tohumlyk bugdaýy taýýarlamak işleri irgözinden talabalaýyk ýola goýlupdyr. Ýokary işjeňlige beslenen maslahatda däne ekişiniň agrotehnikasy barada hem aýratyn durlup geçildi.

Bu ýerde guralan ajaýyp sahnada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň belent joşgun bilen ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlary, milli tanslary dabara ýygnananlaryň göwünlerini galkyndyrdy.

Çäräniň geçýän ýerinde ak öýler dikilip, türkmeniň gadymy küren obasynyň keşbi döredilipdir. Maldarlaryň durmuşyny suratlandyrýan görnüşler hemmeleriň üns merkezinde boldy. Bu ýerde ýaýbaň­landyrylan el işleriniň sergisi, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleri, hünärli ussalaryň elinden çykan zähmet gurallary we öý-hojalyk esbaplary mähelläniň uly gyzyklanma eýe boldy. Sportuň dürli görnüşleri boýunça gurnan dürli bäsleşikleri, görkezme çykyşlary aýratyn täsirli boldy.

Baý many-mazmuna beslenen dabaranyň geçýän ýerinde welaýatyň oba hojalyk toplumynyň gaýtadan işleýän senagatynyň önümleriniň sergisi hem guraldy. Bu bolsa welaýatymyzyň oba hojalyk toplumynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýeten derejesi bilen has içgin tanyşmaga mümkinçilik berdi. Daý­han yh­la­sy bi­len ýe­tiş­diri­len dür­li ir-iý­miş­le­riň, gök-bak­ja, şeýle-de çörek önüm­le­riniň ser­gi­si has-da ün­si çe­ki­ji boldy.