Habarlar

Pagta ýygymyna badalga berildi

10.09.2025

5-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiziň oba hojalygynda ýene bir jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymyna başlamaga ak pata bermegi welaýatymyzyň ýer eýelerinde hem uly ruhubelentlik döretdi. Şunlukda, yhlasly zähmetleri bilen «ak altynyň» bereketli hasylyny kemala getiren daýhanlarymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly seneleriniň baýramçylyk çärelerine beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň pagta ýygymyna guramaçylykly girişdiler.

         Möwsümiň başlanmagy mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda «Ak pataňyz üçin sag bol, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen at bilen geçirilen dabaraly maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda üstünliklere beslenýän giň gerimli özgertmeler barada durlup geçildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan gözbaş alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünliklere beslenýän özgertmeleriň netijesinde halkymyzyň gadymy we baý ekerançylyk medeniýeti ylmyň döwrebap gazananlary bilen sazlaşykly utgaşyp, ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Munuň özi ýer eýelerini, kärendeçi daýhanlary öndürijilikli zähmet çekmäge, ýerden bol hasyl almaga ruhlandyrýar. Çekilýän halal zähmet bolsa abadan, bagtyýar durmuşyň binýadydyr. Maslahatda ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagynyň okgunly ösüşini gazanmakda edýän yzygiderli aladalary hem-de şanly ýylyň bereketli pagta hasylyny ýygnamaga beren ak patasy üçin hormatly Prezidentimiziň adyna aýdylan alkyşly sözler joşgunly ýaňlandy.

         Ýygymyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäreler soňra Gyzylarbat etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanynda dowam etdi. Ak öýleriň, döwrebap tehnikalaryň owadan hatarlary bu ýere bezeg berip, oba hojalyk önümleriniň, taryhy gymmatlyklaryň, el işleriniň sergisi, ümeçilik dessurlaryndan janlandyrylan pursatlar bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi.

Dabarada çykyş edenler pudakda durmuşa geçirilýän oýlanyşykly özgertmeler dogrusynda buýsanç bilen nygtap, bu döwletli tutumlaryň sakasynda durýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler. Medeniýet we sungat ussatlarynyň bezemen sahnada ýaýbaňlandyran joşgunly çykyşlary ajaýyp döwrümiziň beýik tutumlarynyň, abadan durmuşymyzyň, daýhanlarymyzyň zähmet üstünlikleriniň waspy bolup ýaňlandy. Şunuň ýaly täsirli pursatlardan soňra ýaşuly nesliň wekilleri «Bismilla» bilen pagta ýygymyny başlap berdiler. Ýygymçy gyzlaryň topary bolsa agzybirlik, ruhubelentlik bilen atyzlarda ak patrak bolup oturan, ak bagtymyza deňelýän «ak altyn» hasylyny köpçülikleýin ýygmaga girişdiler.

Ekin meýdanynda guralan geňeş-maslahatda hünärmenler möwsümde ýerine ýetirilmeli düzgünler barada gürrüň edip, ýygym tehnikalaryndan netijeli peýdalanmagyň, ýol hereketiniň kadalaryny we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegiň wajyplygyna ünsi çekdiler. Bular babatda sowal-jogaplar alşyldy.

Gyzylarbat etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda şanly ýylyň pagta hasylynyň ilkinji tonnalaryndan ýüklenen «ak altyn» kerwenini garşylamak dabarasy hem şatlyk-şowhuna, aýdym-sazlara  beslendi. Daýhanlarymyzyň halal zähmet çekip, ene toprakdan oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny almaklary üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin ýene bir ýola Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri aýdyldy. Ýylyň-ýylyna netijeli zähmeti bilen görelde görkezýän «ak altyn» ussatlaryna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.

Soňra ýaşulular «ak altyn» hasylyny ýüzlerine sylyp, daýhanlarymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny zähmet üstünliklerine beslemeklerini arzuw etdiler.