Habarlar

Hoşallyklara beslenen dabaraly maslahat

13.08.2025

Şu günler BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli welaýatymyzda çuň ýürekden çykýan hoşallyklara beslenen dabaraly maslahatlar biri-birine ulaşýar. Awaza forumynyň çäklerinde geçirilen zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy mynasybetli welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guran dabaraly maslahaty hem şeýle çäreleriň biri boldy. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahatda giň gerim berlen buýsançly çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda gender deňligi babatynda gazanan nusgalyk üstünlikleri dogrusynda durlup geçildi. Çykyşlarda zenanlaryň döwleti dolandyrmak işlerine erkekler bilen deň hukukly gatnaşmagynyň hukuk kepillikleriniň üpjün edilýändigi nygtaldy. Şunlukda, zenanlar ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Awaza forumynyň çäklerinde zenan ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň geçirilmeginiň özem ýurdumyzda zenanlara goýulýan belent hormatyň, olara bildirilýän uly ynamyň nyşanydyr. Dabaraly maslahatda ýurdumyzyň bagtyýar zenanlaryna goýulýan nusgalyk hormat-sarpa üçin Gahryman Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklar beýan edildi.

Şeýle buýsançly çykyşlaryň dowamy welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazlaryna utgaşdy. Belent hörplerde ýerine ýetirilip, milli tanslar bilen bezelen şirin aýdym-sazlarda baky Bitaraplygymyzyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlarynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik tutumlarynyň, zenanlaryň bagtyýarlygynyň waspy ýetirildi.