Habarlar

«Ýaňlan, Diýarymyň» welaýat tapgyry

30.07.2025

Şirin owazly aýdym-sazlar hemişe göwünleri ganatlandyrýar, ynsanlara ruhy lezzet paýlaýar. Aýdym-saz dünýäsinde täze zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşikleriň halkyň arasynda meşhur bolmagynyň düýp sebäbi hem şundadyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem şeýle bäsleşikleriň biri bolup, ol her ýylda şowhunly geçýän aýdym-saz baýramçylygyna öwrülýär. Bu telebäsleşigiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki gözel meýdançada geçirildi. Oňa «Ýaňlan, Diýarym! — 2025» telebäsleşiginiň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan aýdymçylar gatnaşdylar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli geçirilýän telebäsleşigiň esasy maksady milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmegine mynasyp goşandyny goşýan zehinli, höwesjeň aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmakdan we olaryň sungat äleminiň ussatlary bolup ýetişmekleri üçin döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanmaklaryny gazanmakdan, türkmen aýdym-saz sungatyny döwrebap aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmakdan ybaratdyr. Telebäsleşikde gezekli-gezegine çykyş eden aýdymçylar ata Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda alyp barýan belent maksatly tutumlaryny, parahat we abadan durmuşymyzy wasp edýän aýdymlary, türkmen halk aýdymlaryny we täze, döwrebap estrada aýdymlaryny, şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli doganlyk halklaryň aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Uly joşgun bilen ýerine ýetirilen şirin aýdymlaryň her biri tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Şeýlelikde, emin agzalarynyň gelen netijesi boýunça Esenguly etrabynyň harby wekilliginiň gözegçisi Ýunus Aşyrdurdyýew we Gyzylarbat etrabynyň Tutly obasynyň ýaşaýjysy Öwezmyrat Ataýew «Ýaňlan, Diýarym! — 2025» telebäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri diýlip yglan edildiler. Olar bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.