Habarlar

Täze desganyň açylyş dabarasy

21.07.2025

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan hem-de kabul edilýän täze 3-nji gämi duralgasy hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly ak patasy bilen ulanmaga berildi.

Beýik Britaniýanyň «Petro Gas LLP» kompaniýasy bilen zawodlar toplumynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda gurlan täze desganyň ýyllyk kuwwaty nebit önümlerini ýüklemek boýunça 2 million 60 müň tonna, çig nebiti we nebit önümlerini düşürmek boýunça bolsa 1 million 150 müň tonna deňdir.

Täze gämi duralgasynda döwrebap zähmet we iş şertleri döredilip, ýangyn howpsuzlygynyň hem-de daşky gurşawy goramagyň düzgünleri  kämil enjamlaryň kömegi bilen awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylýar. 

Desganyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabaradan soňra toý sadakasy berlip, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, eziz halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna alyp barýan beýik işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyklar dileg edildi.