Habarlar

«Balkanda» dynç alsaň, göwnüň hoş bolar

18.07.2025

Tomusky dynç alyş möwsüminiň şu ajaýyp günlerinde bagtyýar çagalar güneşli ülkämiziň çar künjegindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler,  wagtlaryny şadyýan geçirýärler, birek-birek bilen dostlaşýarlar. Kitaphanalar, naharhanalar, kompýuter otaglary, sport zallary... merkezlere dynç almaga barýan ýaş nesilleriň hyzmatynda. Iň oňat şert-mümkinçilikler döredilen şeýle döwrebap merkezleriň biri-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Balkan welaýat häkimliginiň «Balkan» dynç alyş we sagaldyş merkezidir.

Bu merkez 300 orundan ybarat bolup, onuň 200-si uly adamlara, 100-si bolsa çagalara niýetlenilendir. «Balkana» dynç almaga gelýän raýatlar, şol sanda çagalar mähir bilen garşylanylýar we uly alada bilen gurşalyp alynýar. Olaryň ýokary derejede dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri, sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri üçin ähli şertler üpjün edilipdir. Deňziň salkyn kenaryndaky döwrebap merkezde çagalaryň şadyýan gülküleri al-asmana göterilýär. Dürli çäreler, döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary, deňziň jana şypa beriji howasy, tebigatyň gözelligi olaryň ýadynda hemişelik galýar.

Çagalar deňziň kenarynda, şeýle-de «Jadyly kenar», «Älemgoşar», «Deňiz merjeni» atly oýun-attraksionly seýilgählerde ýygy-ýygydan gezelençde bolýarlar. Olar köpçülikleýin geçirilýän çärelere uly höwes bilen gatnaşýarlar, aýdym aýdýarlar, goşgy okaýarlar, surat çekýärler, sportuň dürli görnüşleri boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralýan medeni çäreler, sport ýaryşlary körpeleri hasam begendirýär. Küşt, şaşka, futbol boýunça ýaryşlar, «Kim çalasyn?» atly bäsleşikler çagalaryň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrýar.