Bäsleşigiň welaýat tapgyry

Ajaýyp zamanamyzda gelin-gyzlarymyzyň el senedine aýratyn sarpa goýulýar.
Türkmeniň durmuşynda hiç wagt özüniň gymmatyny gaçyrmaýan, nepisligi,
owadanlygy, ulanmaga amatlylygy, ynsan saglygy üçin ähmiýetliligi bilen
tapawutlanýan keçe taýýarlamak işi hem häzirki döwürde döwrebap röwüşde, kämil
derejede dowam etdirilýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Zenanlar
birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli
merkeziniň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň
bilelikde yglan eden «Gülüň owadan!» bäsleşigi hem aýan edýär.
Bäsleşigiň welaýat tapgyry Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi»
binasynyň öňündäki meýdançada geçirilip, oňa etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan
zenanlardan düzülen toparlar gatnaşdylar. Ak öýlerimiziň bezegi bolan milli
keçelerimiziň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanylyşyny açyp görkezmegi,
gelin-gyzlarda ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän asylly gylyk-häsiýetleri
terbiýelemegi, ýaşlarda milli gymmatlyklarymyza bolan höwesi artdyrmagy maksat
edinen bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, zenanlar keçe taýýarlamakda ulanylýan
usullar, gerek bolan gurallar we olaryň atlary barada gürrüň berdiler. Keçe
üçin gerekli bolan ýüňi saýlamak, saýmak, daramak, boýamak, pişge etmek,
pişgäni işmek, keçe ýazyljak gamşy taýýarlamak ýaly işleri ýerine ýetirdiler.
Berlen wagtyň dowamynda keçe güllemekde we basmakda bir-birinden kem durmadylar.
Olaryň keçe hakyndaky aýdyp beren rowaýatlary, nakyllary, yrymlary bäsleşigiň
täsirliligini artdyrdy. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan medeni
mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde, döwrebap kämilleşdirip,
geljekki nesillere ýetirmekde giň ýollary açýan Gahryman Arkadagymyza,
Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylan alkyşly sözler bäsleşige gatnaşan
zenanlaryň ýürek owazy bolup ýaňlandy.
Bäsleşigiň netijesi boýunça Esenguly etrabyndan gelen zenanlar topary baş
baýraga mynasyp bolup, onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bereket etrabynyň topary birinji, Türkmenbaşy we Etrek etraplarynyň toparlary
bolsa degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.